Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Köçeler asuda – ömürler rahat

07.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň barha giň gerim alýar. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen bu çäreler «Pähim-Paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýändigi hemmämize aýdyň. Bu günki günde eziz diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilen birnäçe maksatnamalarynyň esasynda döwrebap gara ýollaryň müňlerçe kilometrlere uzalyp gitmegi ýaşaýjylaryň howpsuz we rahat ýaşamaklary üçin edilýän tagallarynyň biri.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. Şol sanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysal bolup bilýär. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Ösüp gelýän jemgyýetde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlar durmuşa geçirilýär.

Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin amala aşyrylýan işleriň biridir. Çünki asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

Şamaral GARAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bagtyýar halk – gurply döwlet

06092024 0010 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş zehinleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss