Dark
Light
25.01.2026
0ebbbe503c7fc2bf400b93c5f617df4a THE ASHGABAT TIMES

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly täze kitap üç dilde çapdan çykdy

02.09.2024

Täze neşiriň birinji tomy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýanyny, şeýle hem Türkmenistanda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ylmy we habar beriş maglumatlaryny özünde jemleýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty 31-nji awgustda habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylan kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Onda at we geografik görkezijileri hem-de gysgaldylyp alnan sözleriň sanawyny özünde jemleýän ylmy-maglumat goşundysy bar.

Habarda nygtalyşy ýaly, kitapda Serdar Berdimuhamedowyň jemlenen işleri Türkmenistanyň ylmyny, taryhyny, syýasaty öwrenişini we jemgyýeti öwrenişi has-da ösdürmek üçin nazary hem-de amaly gymmatlyga eýedir.

Birinji toma girizilen makalalardyr, habarlar Türkmenistanyň häzirki zaman ideologiýasy barada gürrüň berýär hem-de Türkmenistanda alnyp barylýan syýasata laýyklykda, raýatlaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmak boýunça beýik işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylyň wakalaryna hemmetaraplaýyn seljerme berilmegi kitabyň esasy ugrudyr. Şol ýyl ýurduň taryhynda ähmiýetli bolup, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky mundan beýläkki ösüşini kesgitleýän täze eýýamyň başlanýandygyny aňlatdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Üstünligiň kämil ýoly

mnmok THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Eşretli ertiri gurujylar

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss