120623 014 THE ASHGABAT TIMES

Diýarymyzyň ylmy kuwwaty özgerdilýär

02.09.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz uly-uly ösüşlere eýe bolýar, täze sepgitlere gadam goýýar. Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly döwlet syýasaty netijesinde halkymyz bolelin, erkana we asuda durmuşda, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýar.

Ylmy-tehniki syýasatyň ýurdumyzda giň gerim almagy eziz Diýarymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, ylmy gözlegleriň we barlaglaryň ýokary derejede alnyp barylmagyny ýola goýmak esasynda ylmy ösdürmek esasy wezipeler hökmünde öňe çykýar. Dünýä ylmynyň gazananlaryndan ugur alyp, bina edilen bu Tehnologiýalar merkezinde alymlaryň ylmy barlaglaryny alyp barmagy, ylmy netijeleri iş ýüzünde synagdan geçirmegi, täze açyşlary amala aşyrmagy üçin ähli şertler döredilen.

Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ulanmak häzirkizaman ösen döwletleriň ynamly öňe gitmeginiň hökmany şertidir. Dünýä bileleşiginiň ösen ýurtlarynyň düýpli ylmy barlaglar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy täze döwrüň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, häzirkizaman türkmen ylmynyň okgunly ösüşi diňe bir uly durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, biziň ýurdumyzy täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýan ýurtlaryň hataryna goşmak babatda möhüm orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ak mermerden gurduryp, ulanmaga beren Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýaş hünärmenler üçin tejribeli alymlaryň ýolbaşçylygynda öwrenmäge, döretmäge, ylym dünýäsi bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar.

Bu merkezde birnäçe ugurlar boýunça düýpli ylmy işler alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynda ekologiýany goramak hem-de Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny yzygiderli we rejeli peýdalanmak ýaly ylmy barlag işleri alnyp barylýar. Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň wezipeleri derman ösümlikleriniň düzümindäki biologiki işjeň maddalary ýüze çykarmak, bölüp almak, olardan derman serişdelerini öndürmek we önümçilige ornaşdyrmak ýaly meseleleriň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Merkezi barlaghana bolsa, dürli maddalaryň her bir bölejigini tapgyrlaýyn ýüzlerçe müň esse ulaldyp, öwrenmäge ukyply elektron mikroskoplar bilen enjamlaşdyrylan. Bu mikroskoplar köp ugurlarda, şol sanda ösümlikleriň öýjükleriniň, dürli tebigy önümleriň we tebigy maddalaryň giňeldilen gurluşynyň barlaglaryny geçirmek, lukmançylyk, oba-hojalygy we ykdysadyýetiň beýleki birnäçe pudaklarynda barlaglary geçirmek üçin peýdalanylýar.

Ähli üstünliklerimiziň sakasynda duran hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar şu güni hem-de bagtly geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Gülzada Annagulyýewa,
Türkmen döwlet binägarlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Ashgabat
3:30 pm, Mar 26, 2025
temperature icon 11°C
небольшой дождь
Humidity 58 %
Pressure 1024 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:00 am
Sunset Sunset: 7:23 pm
hq720 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

NAZIR HABIBOV – SENIN GOZLERIN ASYK ETDI

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk toýuna barýarys

Soňkylar Makalalar

Iňlis dili: Ähliumumy Aragatnaşyk gurallary

25.03.2025
Iňlis dili dünýäde iň giňden ulanylýan dilleriň biri bolup, dürli medeniýetleri we sebitleri birleşdirýän aragatnaşyk köprüsi hyzmatynda çykyş edýär. 5-nji asyrda Angliýa getirilen Anglo-Fris

Giperkinetik Bozulmalar

25.03.2025
Giperkinetik bozulmalar, köplenç üns ýetmezçilikli giperaktiwlik bozulmasy (ADHD) bilen baglanyşykly bolup, artykmaç hereketlilik, impulsivlik we ünsüň durnuksyzlygy bilen häsiýetlendirilýän nerwi ösüş bozulmalarydyr. Bu bozulmalar

Maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek

25.03.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi
GitTop

Don't Miss