Täze taryhy döwürde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen uly üstünliklere gazanmagyna gönükdirilen möhüm meseleler girizildi we döwletli çözgütler kabul edildi.
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň ordeni we medallary bilen sylaglanylan, ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň wekillerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde ähli tagallalary etjekdiklerine, geljekde-de gujur-gaýratlaryny gaýgyrman ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ynandyrdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, mertebeleriniň belent bolmagyny alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.