Dark
Light
26.01.2026
1 20 THE ASHGABAT TIMES

Döwrebaplyk

24.09.2024

Tehnologiýalar zamany häzirki zaman dünýämizde dünýäniň çar künjegi bilen bir – biregi sähelçe wagt ülşüniň içinde çatyp, bir- birek bilen sähelçe wagtyň dowamynda gürleşmäge mümkinçilik döredip, sähelçe wagtyň içinde bolsa, amallary durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýär. Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşlerinde ynsanlaryň işewürligi artyp, bir wagt ülşünde hem parahat oturyp bilmezlik ýaly işler, wagt gyssaglylygy döredi. Işe ýa okuwa gyssanmaç gidip, çyralar ýakylgy ýa howa sowadyjy işledilgi galypdyr. Ýa- da öýde ýylylyk bolmaly çäginden ýokary geçip gelýär. Eger siziň öý «akylly» bolsa, alada edip otura-ra hiç zat ýok. Munuň özi eýesi ýok wagtynda öýüň eýesi üçin alada edýänligi ýüze çykarmasydyr. Ýa- da ses dolandyrmak arkaly ýüze çykan hadysada öýe gelen eýesiniň dişini sowurdan bolmagy ýa- da myhmançylyga ýa- da deňze gidip, bokurdagy sowuklan  bolmagy mümkin. Öý eýesini ses arkaly hem tanaman biler. Degişli «akylly öý» ulgamyny dolandyrmak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi ulanyjynyň mobil telefonynda bolmadyk ýagdaýynda, ulgam hiç bir işi ýerine ýetirmeýändigini duýdurýar. “Akylly öýiň” programma üpjünçiligine çatylan adamlardan başga hiç bir şahsyýet «akylly öý» ulgamyny dolandyryp bilmeýändigi, eýesinden başga hiç kimi dolandyrmaýanlygy bilen tapawutlanýandyr. Munuň özi häzirki zaman tehnologiýalar aýratynlygyny işläp düzýär. Taslamasy ýekeje düwmä basmak arkaly adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklara tiz jaň etmäge hem mümkinçilik berýär. Paýtagtymyzda gelejekde göz öňüne tutulan  “akylly şäherde” “akylly öýleri” gurmak bolsa, tehnologiýalar zamanynyň üstünliklerini amala aşyrar. Bu barada Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler hem “akylly şäherde” guruljak “akylly öýleriň” täze proýektleri hakynda ýurdumyzda her bir geçirilýän maslahatlarda gürrüň edilýär. Oňa ses arkaly dolandyrmak aýratynlygy bilen dolandyrmak bolsa, “akylly öýlere” mahsusdyr. Buýruk bermek üçin bolsa,  internete birikdirilmek hökmanlygyny göz öňüne tutmalydyr.”Akylly öýleriň” gerekliligi häzirki zaman işewür, tehnologiýalara bagly adamzat üçin örän uly şertler, amatlylyklar döredilen.  Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz Türkmen ýaşlaryndan bu günki gün dünýäniň iň ösen täzelikleri barada täze işleri döredilmegini talap edýär. Munuň özi Türkmenistanyň ösen dünýä ýurtlarynyň hatarynda täze döredijilik üstünliklerine ýetmek üçin kämilleşýändiginden nyşan hasaplaýan.

Elbetde, adam öz geçmişini öwrenmän gelejege nazar aýlap bilmez. Häzirki gün biziň ýurdumyzda Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ösen tehnologiýalar, internet ulgamyndaky täzelikler, dünýäniň öňe gidip barýan ugurlary  biziň halkymyzyň milli äheňliligi onuň reňk sazlaşykly geýnişi sahnada käte özüňi hem aljyradýar. Reňkleri dogry goýmak, şol reňklerde halkyň geçmiş taryhyny haýsydyr bir nusgalaryň üsti bilen görkezmek üçin nijeme zatlar etmelidigine düşünýärsiň. Biziň halkymyz reňkler ummanyna baý geýim- gejimi bolan halklaryň hataryna girýär. Milli öwüşgünleri sahnada,edebiýatda, kino sungatynda görkezmek üçin bu günki gün ýurdumyzda ähli mmükinçilikler döredilen.

Döwürleriň gahrymanlarynyň gahrymançylykly keşbini ýüze çykarmak üçin ilkinji bilen türkmeniň söweşiji, mert hem- de gaýduwsyz zenan maşgalalarynyň keşbini sowatly açyp görkezmek bu günki gün sungat işgärleriniň mukaddes borjydyr. Häzirki döwürde tehnologiýalaryň  orny hakda hem- de dünýäniň  tejribesindäki işleri ulanmaga mümkinçilik bar. Täze döwrümiziň sahnalaryna, edebiýat neşirlerine, kino dünýäsine täze eserler gerek. Şol eserlerde täzeçe nazar bilen taryha ser salmak üçin hökman millilik bilen dünýäň gazananlaryny hem aralaşdyryp, döredijilik etmek döredijilik ynsanlarynyň paýyna düşýär. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz hem ýaşlara uly ynam bildirýär. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sany- sajagy ýok.  Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban  we Gahryman  Arkadagymyza  we Hormatly Prezidentimize diňe üstünlikler hemra bolup, biz ýaşlara bildirýän ynamyna hem- de döredip berýän mümkinçiligine sag bolsun aýdýarys.Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi kafedrasyna  hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi, programma inženerligi, kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünärler degişli bolup durýar. Bu tehnologiýalar gözleg we gözleg ulgamlaryny gurmakda, daşary ýurt dillerini interaktiw öwretmek ulgamlarynda  ker ýa-da gowy eşitmeýän çagalarda aýdylyşyny düzmekde, gözleg maksatly dürli söz düzümlerini döretmekde  tanamak ulgamlarynda deslapky okuwda giňden ulanylýar. Maglumat tehnologiýalarynyň berk ornaşdyrylmagyny gaznamakda edilen işleriň iň peýdaly tarapyna sygynmaga mümkinçilik tapsa bolar.Geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän bilim ulgamy üçin sanly tehnologiýasynyň çözgütlerini seljermegiň esasynda işi guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek her bir komputer öwrenijisi üçin işi ýola goýmak üçin amatlydyr. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys.

Güýçmyrat ATAÝEW
Türkmen Döwlet binagärlik–gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Güýz we Garaşsyzlyk

220924 46 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mukamlar köşgünde halkymyzy we watanymyzy wasp etýän konsert geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam
GitTop