Dark
Light
24.01.2026
614175a10be30371053054 THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk-Halkyň buýsagy

22.09.2024

Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. Bu gün türkmen halkynyň asyrlar boýy eden arzuwlary hasyl boldy. Ýurt Garaşsyzlyk ýyllary içinde taryh üçin gysga wagtyň dowamynda uly derejelere ýetdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyny uly bagta ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe boldy we ösüşler häzirki güne çenli dowam edýär. Syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ulgamlaryň ähli ugurlarynda gazanylýan ýokary sepgitler türkmen döwletiniň taryhynda buýsançly sahypalary ýazýar.Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzuwly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklaryň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen lukmançylyk, energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giňden dowam edýär.Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda işlenilip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi.Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, dünýäde ykrar edilen beýik işler sanardan köp. Şular hakynda oýlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň: “Watany mertler beýgeldýärler” diýen parasatly pähimi hakydaňda janlanýar.Garaşsyzlyk – belent ykbaldyr, ýurdumyza berlen ýokary derejedir! Bu gün bolsa türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Baş baýramyňyz – döwletlilik toýuňyz gutly bolsun!

Altyn MAMMETBERDIÝEWA
Türkmen oba hojalyk
instituty talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

12344 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Millionerleriň iň köp ýaşaýan 5 döwleti

hq720 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mekan Ataýew – Çenden Aşa

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop