Dark
Light
27.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk toýuna buýsanç bilen barýarys

12.09.2024

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan uly zähmet üstünlikleri, sepgitleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny has-da pugtalandyrýar. Şu günler mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin yhlasly zähmet çekýär.

Garaşsyzlyk — bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Mähriban halkymyz bu mukaddes baýramçylygy has-da şowhunly, dabaraly belläp geçmek üçin ykjam taýýarlanýar. Çünki türkmen döwletiniň nurana baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk güni kämillige tarap ösýän we özgerýän jemgyýetimiziň gymmatlygydyr, ildeşlerimize ruhubelentlik, çäksiz güýç berýän buýsançly toýumyzdyr.

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesi häzirki wagtda has kämil görnüşde üstünlikli dowamat dowam tapýar. Umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine baha bermekde, onuň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde derwaýys ähmiýete eýedir. Bu umumy milli forumyň gün tertibine döwletiň hem halkyň durmuşyny has-da ösdürmäge, abadan we bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen ileri tutulýan wezipeleriň girizilmegi her bir işde halkyň bähbidinden ugur alynýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryna aýratyn orun degişlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek babatda öňde goýýan möhüm wezipeleri ildeşlerimizi has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri elmydama rowana menzillerde rowaç bolsun!

Mekan JUMAKOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

10092024 007 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen hünärmenleri Türkiýede okuw saparynda boldular

515263636 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Italýan owazy ýaňlandy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop

Don't Miss