Dark
Light
24.01.2026
glawny 2 THE ASHGABAT TIMES

GARAŞSYZLYK – ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

26.09.2024

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy döwrüniň her bir ýyly halkymyz üçin täze üstünliklere beslenýär. Geçen döwre ser salanymyzda, şu günki üstünlikleri gazanmak üçin sabyrsyz işleriň, maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar şanly toýuň baýramçylyk dabaralaryny has-da belende göterýär. Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwründe gurlup, il-günümiziň ygtyýaryna berlen oba-kentleriň, şäherçedir şäherleriň sany barha artýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk — barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýlip bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda oňyn özgerişlikler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gazanylýan üstünlikler edermen türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary durýar. Türkmenistan ýurdumyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy babatda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Mergen GAÝYPOW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aymeubmz9hulfd3jyvpublldviurgxf1u3iljsuf THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tehnologiýa we durmuş

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop