garassyzlyk THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk we millilik

25.09.2024

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk beýik baýramçylygy bosagada dur. Bu baýram uludan- kiçä hemmeleriň baýramy, çünki ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyny almagy bilen her bir döwürde bolşy ýaly, her bir ýerde, şol sanda ak paýtagtymyz Aşgabatda hem şeýle ajaýyp baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Bu bolsa, halkymyzyň öz guwanjy bolan milli hem ruhy baýramçylygynyň çäklerinde beýik dabaralar bilen ýaşaýandygyna hem-de öz watanyna guwanýandygyna baha berýär. Ilata hyzmat etmek, ýaşaýyş jaýlarynyň içindäki tämizlik işleriniň amala aşyrylmagynda eýýämiň nurly gelejegini öňe çykarýar. Telekeçilerimizdir, mugallymlar, talyplardyr, daýhanlarymyz, gurluşykçylardyr, ykdysadyýetçilerimiz, şol bir wagtyň özünde alymlar we dürli hünärdäki adamlar bu günki günki günler bellenilýän Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynda şatlyk- şowhuna beslenýän diýarda bagtyýar ýaşaýyş dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallary bilen halkara derejesinde geçirlen sergilere gatnaşmak bagty bize- de miýesser etdi. 2024-nji ýylda edilen işleriň jemine ser salsaň, ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri hem- de bu günki täze üstünliklere gadam basylýan ýylda täsin bir duýgy gaplap almasy, halkymyzy buýsandyrdy. Şol duýgyny başdan geçirmek , şol duýgy bilen bagtyýar gelejege bagtyýarlyk.     Baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerlerinde taýýarlyk görlüşi ýaly, gojaman paýtagtymyzda hem taýýarlyklar görülýär. Aýdym- saz, dabarlar, sergiler, ähli ýerlerde gurlajak baýramçylyk çäreleri hakda dilde dessanlar aýdylýar.

Olaryň her biri aýdym-saz we tans sungatynda baý hem-de özboluşly däpleri bilen tapawutlanýar. Şol çykyşlar türkmen halkynyň baýramçylyk medeniýetiniň joşgunyny has-da artdyrýar.

Hat- da paýtagtymyz Aşgabadyň diňe bir täze tapgyrlarynyň jaýlarynda diwar bezegleri hökmünde däl- de eýsem öňden paýtagtda duran jaýlaryň hem daşky bezeglerinde watanymyzyň ösüşlerini we özgerişliklerini simwollaşdyrýan nyşan hökmünde baky durmasyny dowam edýär.  Halk bähbitli edilýän işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň  aladalarynyň bardygy halkymyzy buýsandyrýar. Garaşsyzlygy alanymyzdan soň ýurdumyzda türkmen halkynyň milli häsiýetlerini, däp- dessurlaryny goramak hem-de şol millilige ýokary derejeli baha bermek üstünlikleri bu günki gün ýurdumyzda geçirilýän çärelerden hem bellidir. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda milli däp- dessurarymyzy goramak we aýap saklamak boýunça dürli çäreleriň geçirilmegi bolsa, bu edilýän işleriň hakykatdan hem halk bähbitli işlerdigini subut edýär. Ak paýtgatymyzyň gül görki has- da artýar. Adamkärçiligi ýola goýmak,onuň bilen durmuşyňy bezemek hem-de ýüregiňdäki ýagşy arzuwlar bilen özüňe teselli bermek,galyberse-de dostlaryň bilen şat durmuşda ýaşamak hemişe ynsanyň bagtly ýaşamagyna mümkinçilik döreder.       Gahryman Arkadgaymyzyň hem jahankeşdelik merkezi hökmünde ýüpek ýolunyň ugry boýunça gidýän ajaýyp topraklarda ýaşap, döredip, täze döredijilik işlerini etmek her bir suratkeşiň hem şahyryň hem arzuwy.

Medeniýeti,sungaty, arhitektura ýadygärlikleri hem- de ykdysady reformalary bilen tanymal topraklary bilen taryhy baglarymyzyň köki asyrlaryň jümmüşindendir. Şol sebäpli ata- baba dostana topraklaryň halky bilen dostana, parahatçylykly gatnaşyklar biziň ýurdumyzda hem alnyp barylýar. Jemgyýetde öz şahsy kämilligiňi gazanyp, öz durmuşyňy beýik dostluk bilen bezemek zerurlygy hemişe ynsana bagtly pursatlary peşgeş berer. Hut şol sebäpli dünýäniň ösen döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny göz öňüne tutup hem- de durmuşda ähli ruhy kämilliklerinden söz açýan dostluk hakdaky şygarlaryny baýdak edinip, görelde mekdebinden gitsek,köp dostly bolsak, hemişe özümiziň şahsyýet bolmagymyza uly mümkinçilik döreder. Her bir işde göreldeli bolmak bolsa,ynsanyň asly hünäri bolmalydyr. Adamkärçilik bilen dostluk ynsan durmuşynda uly borçlaryň biridir.          Hemişe dostlugyň nä derejede beýik bolandygyny hemişe bilmek gerek.Hemişe dost bolmak,dostuň bilen bile iş bitirmek, sapaklaryňa gowy gatnaşmak bu günki gün öz goýnunda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär.Muňa ähli ýerlerden, welaýatlardan, etraplardan hem gelen artistlerimiz hem- de döredijilik işgärlerimiz gatnaşýar. Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binalary, Köpetdagyň täsin görnüşleri, ahalteke bedewleri şekillendirilen täsin görnüşler onuň bezegidir. Aşgabat şäheri gün – günden gülleýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyzyň görkli görnüşini dünýäni haýran galdyrdy.Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň terbiýeli, okuwly, dostana gatnaşykly ýaşlar bolup, watanymyzy gülletmegine uly üns berýär. Goý her bir ýaş nesil dostlukly mekan Türkmenistanyň mynsyp raýaty bolsun! Türkmen diýary güllesin! Garaşsyzlyk toýumyz gutly bolsun

Ýusup GULMÄMMEDOW
Türkmen Döwlet Binagärlik we
Gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:08 am, Mar 7, 2025
temperature icon 8°C
переменная облачность
Humidity 61 %
Pressure 1021 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:29 am
Sunset Sunset: 7:05 pm
dsfssdfs THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

If only the street could become the ultimate decor for fashion

5ac8552c196cfbcba54cc22737f08184 8987537 382x254 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Gahrymany ady berildi

Soňkylar Makalalar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025
Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

05.03.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika

Bagtyýar ýyllary aşypdyr Türkmen

05.03.2025
     Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu ýyl  Halkara Bitaraplyk baýramymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri giňden taýýarlyklar görülýär. Şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň
GitTop