2 2 THE ASHGABAT TIMES

Güýz we Garaşsyzlyk

24.09.2024

Her ýylyň güýz aýlary biziň ýurdumyzda aýratyn bir täzelik bolýar, çünki altyn güýz özüniň miweli gujagy bilen bile Garaşsyzlyk toýumyzy hem alyp gelýär. Hemme hasyllar bişip, daş- töwerek ruhlanyp, täze bir dünýä emele gelýär, şol sebäpli-de Güýz bilen Garaşsyzlyk ikisi sepleşip bir uly baýramçylygy emele getirýär, terneler ýarylyp, joýadan atylyp çykaýjak bolýar, üzümleriň buludraşýan şiresi gijelerine aýa şugla berýär, bu gözelligi synlasaň görmäge göz gerek.

Güýzüň täsin merdiwanyndan dyrmyşyp barýan bulutlara seredip,birsellem oýa batýarsyň.Şonda seni pursatlar gaplap alýar,geçeni ýatlap,güýzüň agras gözelliginiň içinden şo-ol ýuwaşja ädimläp,gidip barýarsyň.Birdenem tanyş duralga,tanyş ýerler,tanyş ýanýoda göz öňüňde janlanýar.

Adam bir zatlar hakda oýa batanda megerem tebigat onuň pikirlerini tassyklaýan bolmaly,şonuň üçin güýzüň gussaly ýodalaryndan her gezek ýöräniňde,çuňňur oýa batyp,tebigaty özüňe syrdaş tutunýaň,megerem bu adamyň owalbaşda häsiýetidir.

Güýz bolsa ýatlamalaryň pasly, hem güýz hem baýramçylykda hem gözellik hem içki dünýä garyşýar-da başga bir duýgy emele gelýär. Şol duýgularyň gözbaşynda watan buýsanjy bar.

Ynsan tebigaty ýatlamalar içinde ýaşamagy gowy görýär.Şonda oýlandygyňça oýlanasyň gelýär.Ynsan tebigatyndaky soňsuz ýatlamalaryň goýnuna çümüp,özüňi bir äpet ummanyň içine atasyň gelýär. Indi tebigat öz hasabyndan geçirip,tylla ýapraklary sanaýan ýaly.

Her bir adamyň öz dünýäsinde bolup geçýän beýik özgerişler megerem güýzde bolýar. Ol ynsan ruhuna şirin damja bolup damýar-da onuň gan-damarlaryna siňýär.Şeýdibem,ýürekleri yzarlaýar,kalplary özüne kökerýär-de ynsan ruhunda täze bir şygryň döremegine sebäp bolýar. ýel zatlara üns berse,adam özüniň günüň dowamyndaky şygyr okaýan belli bir wagtlary hakda-da bilip biler.Gadym zamanlarda şygyr düzüliş formasyny birnäçe böleklere bölüpdirler,tebigat bilen adamyň arasyndaky gatnaşyk hemişe şygyr düzüliş kadasynda saklanypdyr.

Şahyrlaryň şygyr gözelligi bilen iş salyşandyklaryny biz bilýäris, ýöne biz şygyrlaryň akgynlylygy,olaryň kapiýa gelişi hem-de habar eýe meselesinde şygyrydaky gizlin syrlar barada elbetde gündelik durmuşymyzda gyzyklanmaýanlygymyz sebäpli,känbir iş salyşyp  ýörmeýäris.

Gündelik durmuşda şygry ýüregimiz joşan wagty,keýpimiziň çag wagty,kalbymyzyň wagtyhoş bolan wagty biz şygra ýüzlenýäris. Ýa-da gaýta tersine,gamgyn şygyrlary gaharymyz gelen wagty,işimiziň oňmadyk wagty hem-de ýüregimiziň gysan wagty özümize teselli şekilinde ulanýarys,muňa biz känbir ünsem berip ýöremzok.Bu ýyl hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzdaky toý- baýramlaryň ajaýyp dabarasy dag aşýar. Şu dabaralarda asmanymyz asuda, halkymyzyň görjekleri gowy bolsun!

Aýlar BOZOGANOWA
Türkmen Döwlet binagärlik–gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:55 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 93 %
Pressure 1023 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
1638326921 53 bigfoto name p arkhitektura i dizain otnosyatsya k iskuss 56 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýä  arhitekturasynyň ösüşi

1 20 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrebaplyk

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop