Dark
Light
27.12.2025
240723 010 THE ASHGABAT TIMES

Halk bilen häkimiýeti jebislendiriji güýç

07.09.2024

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek barada ileri tutulýan wezipelere garalar. Ata Watanymyzyň iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň, halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy bar. Ol bolsa döwlet Garaşsyzlygymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 33 ýyl dolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň jebisligini we agzybirligini üpjün etmäge gönükdiren taglymatlary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz uly ösüşlere gazanylyp, ýurdumyzda bagtyýar we abadan durmuş höküm sürýär. Mähriban Diýarymyzda kabul edilen il-ýurt bähbitli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylyp, halkymyz eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýar.

Watanymyza wepaly, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän ýaşlaryň ylym-bilimden ýüki ýetik, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerinde Milli Liderimiziň dürdäne eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary uly ähmiýete eýedir. Olar her birimize durmuşymyzda iň ýakyn gollanmadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dünýä nusgalyk döwrebap Arkadag — ýaşlar şäheri guruldy. Bu waka türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Goý, il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Goşun BEGENJOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

9ri2j1kjis1f1kkqqfvms4zkoeuzcg 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Diýarymyzyň nebit we gaz pudagynyň tutýan orny

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagtyýar halk – gurply döwlet

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop

Don't Miss