2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan opera kompozitory, organist we hormeýster Jakomo Puççininiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.

Konsertde italiýaly tenor Matteo Lippi, türkmen aýdymçysy Bahar Durdyýewa we Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyşlary boldy. Çäräni Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde gurady.
