Milli aragatnaşygyň häzirki zaman ýoly

01.09.2024

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu ugur boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini sanlylaşdyrmakda, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanmagy ýeňilleşdirmekde, olaryň hilini ýokarlandyrmakda maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Agentlik sanly ulgamyň şertlerini yzygiderli ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerli hem-de öýjükli telefon aragatnaşygy, Internet tory, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy, milli tele we radioýaýlymlary ýaýratmak, şeýle-de hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça degişli işleri ýerine ýetirýär.

Häzirki wagtda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Halkara Elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, «GSM» assosiasiýasynyň, Sanlary we domen atlaryny dolandyrmak boýunça internet korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolup, olar bilen uzak möhletleýin esasda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyz sebitde möhüm merkez — Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda uly ähmiýetli maglumat-aragatnaşyk köprüsi bolmak bilen, halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlarynyň 8-sini özüne birikdirýär. Olar Aşgabat — Guçan (Eýran), Türkmenabat — Alat (Özbegistan), Daşoguz — Gürlen (Özbegistan), Garabogaz — Kenderli (Gazagystan), Kerki — Akina (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme hem-de Serhetabat — Hyrat (Owganystan) ugry boýunça 2 sany birikme aragatnaşyk ulgamlarydyr.

Maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň dünýä ýurtlary bilen ýygjam hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasynda ilerledilmegi netijesinde milli aragatnaşyk döwrebap mümkinçiliklere eýe bolýar. Soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has kämilleşdirilip, raýatlara ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, internetden peýdalanmagyň has-da elýeterli bolmagy üçin aragatnaşygyň tizligi ýokarlandyryldy, bu ugurda ýerli platformalaryň döredilmegi üçin şertler maglumat-aragatnaşyk zerurlyklarynyň geljegi uly ugurlaryna laýyklykda ýola goýuldy.

«TürkmenÄlem 52oE» milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň işe girizilmegi bilen, gysga wagtda sanly ýaýlym, telefon aragatnaşygy, wideoaragatnaşyk hem-de hemra interneti ýaly toplumlaýyn aragatnaşyk hyzmatlary ýurdumyzyň, Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Demirgazyk Afrika we Ýewropa ýurtlarynyň, şeýle hem Owganystanyň we Pakistanyň ulanyjylaryna ýetirildi. Şonuň netijesinde häzirki wagtda daşary ýurtlaryň belli prowaýderleriniň emeli hemramyzdan transponderleri wagtlaýyn ulanyp başlamagy bilen, 200-den gowrak ýokary hil ölçegli teleradioýaýlymlar türkmen, iňlis, rus, türk, özbek, pars, puştu, dari, kürt dillerinde «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly Ýewropa, GDA we Ýakyn Gündogar döwletleriniň tomaşaçylaryna elýeterli boldy. Bu babatda onlarça kompaniýalardyr döwlet edaralary bolsa maglumat alyş-çalyş hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilata halkara ölçeglere laýyk gelýän poçta hyzmatlarynyň hödürlenmegini üpjün etmek babatda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işine sanly hyzmatlar yzygiderli ornaşdyrylýar. Raýatlar «Çapar Pay» mobil programma üpjünçiligi hem-de kompaniýanyň turkmenpost.gov.tm internet web-saýtynyň üsti bilen «Şahsy otag» arkaly aragatnaşyk, jemagat, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň administratiw hukuk bozulmalarynyň töleglerini tölemek, «Postshop» elektron söwda platformasy, çapar çagyrmak, ýollamalary ugratmak, EMS ýollamalaryny ugratmak, ýollamanyň nirededigini anyklamak, poçta aragatnaşyk bölümleriniň nirededigini anyklamak, nyrhnamalary öwrenmek, onlaýn görnüşde gazetlere we žurnallara abuna ýazylmak ýaly amallary ýerine ýetirip bilýärler.

Tehnologiýalar döwründe Internet diňe bir dürli maglumatlaryň bitewi ulgamy bolmak bilen çäklenmän, işewürligi netijeli alyp barmak we maglumat çeşmelerinden dessine peýdalanmak usullarynyň iň amatly hem giňden ýaýran ulgamydyr. Daşyndan alynýan internet akymlarynyň artmagy netijesinde ilata hödürlenýän bu hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny gazanmak arkaly olaryň bahalary-da tapgyrlaýyn arzanladylýar. Akymyň tizliginiň ýokarlanmagy we täze amatly nyrhnamalaryň girizilmegi bilen, internet ulanyjylaryň sany hem gün-günden artýar. Internetden peýdalanmaga bolan islegleriň artmagyna bolsa dürli görnüşli sanly hyzmatlaryň işlenip taýýarlanylmagy uly täsirini ýetirýär. Raýatlara hödürlenýän IPTV, internet, telefon, «Älem TV», «Belet Video» hyzmatlary, «Belet Film» onlaýn kinoteatr platformasy, «Şahsy otag» hyzmaty sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga we ulanyjylara ýetirilýän hyzmatlaryň hilini täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Bir penjire» ulgamy — e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly giňden peýdalanylýan sanly hyzmata öwrüldi. Jemgyýetçilik hyzmatlarynyň bir bitewi ulgamyny sanly görnüşde ýetirýän portalyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär. Portal wagty tygşytlamak üçin amatly şertleri özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi pudagara elektron maglumat alyşmak we elektron resminama dolanyşygy ulgamlaryny ornaşdyrmak işlerini hem üstünlikli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip düzülýär we döwrebaplaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçilige eýe bolan programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, her ýylda «Sanly çözgüt» atly bäsleşik guralýar. 2020-nji ýyldan bäri her ýyl ýokary guramaçylykly geçirilýän bu innowasion bäsleşige häzirki wagta çenli ýaş programmistler tarapyndan müňlerçe IT taslamalar hödürlenildi. 2022-nji ýylda oňa ýaş höwesjeňleriň 250-ä golaýy, geçen ýyl bolsa 320-ä golaýy innowasion taslamalary bilen gatnaşdylar.

IT çözgütleriň we ylmy şähergurluşyk ugrunyň merkezi, «akylly» we «ýaşyl» şäher bolan Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen täze şäheriň gurluşygy boýunça döwlet komiteti tarapyndan alnyp baryldy. «Akylly» şäheriň dürli maksatly binalar toplumy tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň ýokary tizlikli 3G we 4G ülňülerinde işleýän iberiji hem-de kabul ediji ulgamlaryň enjamlaryna, şäheriň seýilgählerinde, köpçülik ýerlerinde Wi-Fi aragatnaşygy bolan zolaklara, dürli maksatly binalara, ýaşaýyş jaý toplumlaryna «GPON» tehnologiýasy gurnaldy. Mundan başga-da, «LoRaWan» geçiriji beketleriniň enjamlar toplumynyň kömegi bilen sanly hyzmatlary uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlary işe girizildi. Raýatlaryň jemagat hojalygynyň hyzmatlaryndan onlaýn görnüşde peýdalanmagy üçin mobil goşundysy taýýarlanyldy.

Täze şäheriň ähli kärhanalary ýokary guramanyň merkezi edarasyna birikdirilen elektron resminama dolandyryş ulgamy bilen işleşýär. 123 belgili gyssagly kömek hyzmatlar merkezi, şeýle hem döwlet hyzmatlary portalynda Arkadag şäheriniň penjiresi döredildi. «Elektron mekdep», «Elektron kitaphana», «Zehin» atly sanly hyzmatlar, «akylly» wideogözegçilik, «akylly» yşyklar we «akylly» awtoulag duralgalary sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan «akylly» şäher çözgütlerini emele getirdi.

Bu günki gün ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň öňünde sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda täze wezipeleri goýýar. «Häzirki döwür biziň ählimizden alyp barýan işlerimize täzeçe çemeleşmegi talap edýär» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleri ildeşlerimiz üçin milli aragatnaşygyň täze oňyn şertleriniň üpjün edilmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

Aly ÇARYÝEW,
TDSG-nyň harby gullukçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:58 pm, Sep 16, 2024
temperature icon 28°C
небольшая облачность
Humidity 21 %
Pressure 1012 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:49 am
Sunset Sunset: 7:13 pm
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky bilim gatnaşyklarynyň batly gadamlary

Next Story

Ömrümiň bagtly pursatlary

Soňkylar Makalalar

MIS

16.09.2024
Tebigatda mis, esasan, birleşmeler görnüşinde duş gelýär. Mis magdanlarynyň düzümine girýän minerallara, esasan, Cu2S – halkozin ýa-da mis ýylpyldysy, CuFeS2 – halkopirit ýa-da mis

SÜÝT ÖNÜMLERINIŇ TAÝÝARLANYLYŞY

16.09.2024
Süýt we  süýt önümleri adam  organizmi üçin ýokary kaloriýaly  we çalt siňýän iýmitdir. Olarda adam organizmi üçin hemme gerek bolan witaminler we mineral maddalar

Karýerlerde ulanylýan awtomobil ulag maşynlary

16.09.2024
Türkmenistanda ýer üsti dag işlerinde esasan ýükini özi düşürýän “КрАЗ” we “БелАЗ” kysymly awtomobil ulaglary ulanylýarlar. Kuzowly awtosamoswallar ýükini yzyna düşürýär. Ýarym prisepli awtosamoswallar

REKTIFIKASIÝA

16.09.2024
Bir ýa-da birnäçe komponentlerden durýan garyndynyň adaty kowma prossesi, fraksiýalaryň takyk dargamagyny üpjün etmeýär. Bu fraksiýalaryň has arassa we takyk dargamaklygy üçin rektifikasiýa usuly

Nebit-gaz pudagynda öňde goýulyan maksatlar

16.09.2024
Biziň Garaşsyz we Baky Bitarap ýurdumyzda önümçilik pudaklary özleriniň görnüşlerine laýyklykda dürli-dürli önümleri öndürýärler. Nebit-gaz pudagynda hem önüm öndürmek diýmek esasy önümçilik bolup, ol
GitTop