THE ASHGABAT TIMES

Mugallymyň okuwçylara  söz üsti bilen täsir etme usullary

26.09.2024

Söz üsti bilen täsir etme amala aşyrlanda ynandyrmaklygyň esas bolmagy hem mümkin. Mugallymyň okuwçylara söz üsti bilen täsiri ähli okuw terbiýeçilik işiniň ýerine ýetirilişidir.Ynandyrmagyň söz üsti bilen täsiri şu görnüşlerde bolup biler: habar, hekaýa, düşündirme, subut etme.Söz üsti ynandyrmagyň çagalaryň ýaş aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýagdaýy dürli hilidir. Söz üsti bilen täsir edilende, okuwçylaryň ýekebara aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr.

Çagalara  söz üsti bilen  aragatnaşykda   edilýän  täsir   joşgunly  (emosional) hem  bolup  biler.  Çagalara  joşgunly  täsir  etmegiň  şeýle  görnüşleri  bardyr:  buýruk,  goldaw,  yşarat,  ara alyp  maslahatlaşmak.

 Umumy bilim  berýän mekdepde  okuw terbiýeçilik  işiniň möhüm serişdesi mugallymyň okuwçylara pedagogik  täsiri bolup durýar. Sosiologik we psihologik nazaryýetler,şeýle hem köpçülikleýin we öňde  baryjy pedagogik  tejribäniň seljermesi  şeýle hem kommunikatiw täsir etmäniň  şu aşakdaky  usulynyň bardygyny görkezýär:

 1.Ynandyrma.     2.Pikir ( duýgy ) döretme.

Ýokarda görkezilen  mugallymyň pedagogik täsiri okuwçylarda pikirleri, duýgylary kemala getirmeklige gönükdirilendir. Şeýle pedagogik täsiri ynandyrma diýip atlandyryp bolýar.

Ynandyrma diýlip, mugallymyň okuwçylarda daşky gurşawa  we adamlara düşünjeli garaýşy terbiýelemek maksady bilen, olaryň aňyna,duýgylaryna we   tejribesine edýän pedagogik täsirine aýdylýar.

Pedagogik nazaryýetde ynandyrmanyň dürli-dürli kesgitlemeleri  berilýär. Olardan has mazmunlysy  (psiholog  A.G.Kowolýow)” Ynandyrma” diýen düşünjäniň mazmuny şeýle kesgitlenýär: Ynandyrma diýip garaýşlary, düşunjeleri ,jemgyýete  ähmiýetli ahlak gylyk  häsiýetleri  terbiýelemeklik üçin bir adamyň beýleki adama ýa-da topara edýän täsirine aýdylýar. Ynandyrma  täsiri adamda  jemgyýet üçin  zyýanly  garaýşlary  hem terbiýeläp biler diýip A.G.Kowolýow hem belleýär. Umuman  alanymyzda, ” Ynandyrma”   diýen  düşünje 2 sany mazmunda bolup biler :

  1. Täsiriň usuly hökmünde;
  2. Täsiriň netijesi hökmünde .

Şol sanda ynandyrma  özüniň  mazmuny boýunça dogry (çyn ) we nädogry (ýalan)  görnüşinde bolup biler.

Ynandyrmanyň giňden ýaýran serişdesi söz üsti bilen ynandyrmadyr.

Pedagogik işiň tejribesinde söz üsti bilen ynandyrma täsiriniň birnäçe görnüşleri ulanylýar.Olardan meselem: gürrüň bermek,düşündirmek,nutuk bilen çykyş etmek,subut etmek  we ş .m.

a) ynandyrma pedagogik täsiri usuly hökmünde  bellibir derejede  subutly bolmalydyr we birnäçe talaplary ödemelidir. Şonuň üçin mugallymyň ynandyrmasyna  şu nukdaý nazardan aşakdaky talaplar  bildirilýär:

1. Mugallymyň ynandyrmasynyň mazmuny we görnüşi okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda guralmalydyr;

2. Ynandyrma pedagogik täsir hökmünde okuwçylaryň ýekebara    aýratynlyklaryna laýyk gelmelidir;

3. Ynandyrma  subutly, birnäçe subutnamalar esasynda delillendirilýän,   yzygiderli  bolmalydyr;

4. Ynandyrma diňe bir nazary kadalary,düzgünleri we ýörelgeleri    düşündirmek esasynda däl-de eýsem, ol durmuş tejribesinde takyk mysallar getirmek esasynda hem geçmelidir;

5. Mugallym okuwçylara  ynandyrýan zatlaryna ,düşünjelerine ilki bilen özi ynanmalydyr.Onsoň olary mugallym okuwçylaryň aňyna durnukly  görnüşde,   netijeli  ornaşdyryp  biler. 

b) ynandyrma  ýagdaýynda diňe bir bildirilýän talaplary bilmek ýeterlikli däldir. Eger-de mugallym ynandyrmasyny  dogry we subutly gurmak islese,  onda oňa bildirilýän  talaplardan  başga-da , subut etmäniň logikasyny ýa-da  logikanyň kanunlaryny we düzgünlerini  bilmelidir. Olar mugallymyň ynandyrmasyny  dogry we subutly  we degişli subutnamalar arkaly delillendirýän hökmünde görkezilýär. 

Alymlaryň (akademik N.I Kondakowyň) pikirlerine görä, pikir (logiki) hereketinde (subut etmede) bir pikiriň dogrulygy beýleki pikirleri mysal getirmek arkaly subut edilýär.

Meselem, türkmen dilinde söz böleklerini kesgitlemeleri biri-birleri bilen  deňeşdirmek arkaly, gönükmeleri işlemek arkaly ,olaryň jogap bolýan soraglary arkaly subut edilýär.

         Eýsem subut etme näme? Subut etme üç sany özara arabaglanyşykly bölekden durýar ,olar şu aşakdakylardan ybaratdyr :

  1. Ýazgy-tezis ( nämäni subut etmeli?).Subut edilýän zat,maglumat(material);
  2. Deliller-argumentler (subutnamalar, mysallar, nämäniň kömegi bilen subut etmeli, deliller, esasy pikiri subut etmäge gatnaşýan pikirler);
  3. Görkezmek-demonstrasiýa  (subut etmäniň netijeleri).

Ýazgy-tezis grek dilinden tassyklama, pikir,sözlem diýip terjime edilýär. Munuň  dogrulygyny ýa-da nädogrylygyny subut etmeli pikirdir (düşünjedir).

Delil (esas  subutnama ) bu pikiriň kömegi  bilen  beýleki  pikiriň  dogrulygy  ýa-da  nädogrulygy  barlanýar.

Rahat AMANOW
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
eqfsud2u4btk0aiiidorzl018mfvzmurcfqzhvmtj5s945yu5uzw5iwiqnpl THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Taryhy eýýämleriň baýramy

alexander the great mosaic THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Isgender Zülkarneýin (Aleksandr Makedonskiý)

Soňkylar Makalalar

Suw – ekologik durnuklylygyň esasy ugry

13.12.2025
Gahryman Arkadagymyzyň «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler. Şöhratly taryhymyzda merdanalygy, pähim-paýhasy,

Parahatçylyk döredijilikli tagallalaryň binýady

12.12.2025
Agzybirlik, asudalyk, bagtyýarlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alýar. Şoňa görä-de, taryh sahypalarynda

Watany söýmek – mertebe mekdebi

12.12.2025
Ömrüň manysy edilen işler bilen ölçense, şol beýik işleriň maksady Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Kämil nesilleri ýetişdirmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaly birnäçe
GitTop