Tehnologiýa we durmuş

26.09.2024

Dünýäni tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bu günki gün dünýä eli telefonly ýaşlaryň we orta ýaşdaky adamlaryň, beýleki tehnologik ugra gaty ýykgyn edýän ynsanlaryň dünýäsi boldy. Bu günki gün daş- töweregimize göz aýlasak- tehniologiýalary biziň durmuşymyza şeýlebir öwrenşipdir welin, görülip- eşidilmedik derejede , ýyldyrym çlatlygyndadygyny bilýäris.Komputerleriň görnüşleriniň tükeniksizdiigni biz bilýäris. Emma olaryň agramy barada hiç wagt hem pikirlenmeýäris. Emma olaryň agramlylarynyň baha görnüşi hem bir- birinden tapawutlydyr. Dünýädäki komputerleşdirlen durmuşymyzyň iň wajyp ýerlerini , ýagny adamlaryň birnäçesiniň birlikdäki etjek işlerini komputerleriň ýerine ýetirip bilýändigini biz bilýäris. Zamananyň hyýal güýçlerini durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman tehnologiýasy başarnyk görkezse-de adamzat taryhynda iň uly çeşme bolup durýan informasiýon çeşmeler dünýäniň çar künjünden gelýän habarlary , ýagny kosmiki giňişligiň habarlaryny adamzat aklyna sygmaz derejede özüne siňdirdi. Adamzadyň hususy ýady bilen döredilen intellektual ýat bolsa, häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda ilkinji nobata geçdi.

Şeýlelikde komputerler biziň durmuşymyza ornaşdy, ýagny ol biziň jübi guralymyz boldy diýsek hem ýalňyşmarys. Komputerler zamanasynda ýaşaýan adamzadyň hususy beýnisinden dörän aň bolsa, intellekt hökmünde hususy ulgamlarda, başgaça aýdylyş teoriýasy bilen gönüden- göni baglanşyklydyr.Beter goýalan beýnisi-de ýokary derejeli intellektual aň bilen çatyşan komputerler ulgamynyň üstünliklerine guwanýar. Komputer üpjünçiliginiň gapdaly bilen onuň ulanyjylyk häsiýetindäki ýüze çykýan prosesleriň zyýansyzlandyrylmagy hem bu günki gün wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen olar san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar. Informasiýa göterijä ýazyp boljak informasiýanyň iň
aňryçäk möçberine onuň sygymy diýilýär. Informasiýa mukdarynyň ölçeg birligi deregine baýt kabul edilendir. Informasiýa göterijileriň sygymy
aşakdaky birliklerde ölçelýär. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklaýan gurluşlar. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklamagyň möhüm gurluşy – informasiýany magnit örtükli, üstünde ýazýan we okaýan kellejik ýerleşen, aýlanýan diskleriň toplumydyr.

Kompýuteriň ähli gurluşlarynyň toplumyna onuň aparat üpjünçiligi diýilýär. Bu gurluşlaryň düzümi çözülýän meselä baglylykda üýtgedilip bilner. Elbetde bu üstünlikler häzirki zaman tehnologiýalar birligini düzmek bilen birlikde maglumat tehnologiýalarynyň hem uly bazasyny kompýuterde ýygnamaga uly mümkinçilik berýär.Kompýuteriň beýleki bir möhüm gurluşy Maglumatlaryň ýygnalyş usullary hakynda aýtmak üçin kompýuterde gerek bolan ähli enjamlary bar bolan bir ýere toplamak we programmirlemegiň iň ýokary derejesini üstünlik berýär.Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar we   tehnologiýalar dünýäsinde ýüze çykan esasy üpjünçiligiň komputerler bilen baglanşykly bolmagy, manitoryň öňünde oturan adamlaryň dünýäniň ýüzünde müňlerçe bolmagy eýýäm biziň durmuşymyza üýtgewsiz ornaşan komputer üpjünçiliginiň birlikde howpsyzlygyny gazanmak hem alymlaryň borjydyr. Şeýlelikde kompýuterleriň programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy esasynda edilen işlere sarpa goýmak, häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulgamy bilen gyzyklanýan islendik adama täze bir älemi açmaga kömek berdi.

Häzirki zaman kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Kompýuter üçin islendik dilde islendik programma ikilik ulgamynyň iň ýönekeý komputer dünýäsinede ýaşap, tehnologiýalaryň hususyýetini gazanmak häzirki zaman modern dünýäsiniň haýsygapysyny açsaň hem bar, bu düşnükli zat. Emma intellektual aň bilen baglanşykly edilmeli işleriň sakasynda dogurdan hem bu günki ösen aňly ynsanlaryň gözlegi, akademiki gözleg, habar gözlegi we pudaga mahsus dik gözleg motorlary ýaly dürli gözleglerden gelip çykyp biler.Internet marketing strategiýasy hökmünde SEO gözleg motorlarynyň işleýşini, gözleg motorynyň özüni alyp barşyny, adamlaryň näme gözleýändigini, gözleg motorlaryna ýazylan hakyky gözleg sözlerini ýa-da açar sözleri we gözleg motorlarynyň haýsy maksatly diňleýjiler tarapyndan makullanýandygyny kesgitleýän kompýuter programma algoritmlerine seredýär. Gözleg matorynyň ýokarda agzap geçişimiz ýaly belli bahasy ýokdur. Dünýäni telefonsyz göz öňüne getimek mümkin däl. Häzirki wagtda uludan – kiçä habarlaşmak üçin, dünýädäki giden ykdysady işleri ýeňilleşdirmek, gözegçilik etmek, telefona çatylan öýlerde sanly nokatlara gözegçilik etmek ýaly işler göz öňüne tutulyp, hemişe telefona bolan ünsümizi özümizde jemleýäris. Mysal üçin telefonlar hakda birnäçe ýazgylary görýäris, olar hakda oňaýsyzlyk döredýän bilgiler alýarys. Emma barybir telefon hemmelerde bolmaly ýaly. Telefon satyn alýan adamyň ýüzündäki mimikany synlanyňda onuň bagtly bolşy deňeşdirer ýaly dlädir. Diýmek günde telefon satyn alýanlaryň sany köpelýär-dä diýip pikir etse bolar. Bu ýerde şeýle bir sowal ýüze çykýar.

Eýsem ýer ýüzünde satyşda birinji telefon durýar-da , telefon söwdasyny edýän adamalryň dünýä torunda bolsa, şol bilesigelijiligi artdyrýan zat- Wikipediýa gözleýän maglumatlarynyň şol saýtdadygyna göz ýetireninden soňra  işlerine baradardyr. he- de ygtybarly habary bilmek üçin ilkinji nobatda Wikipediýa ýüzlenilmegi bolsa, bu adamlaryň bilesigelijiligini bir ara egtirip bilmekdir. Wikipediýanyň zerurlygy günümizde adamzadyň çaltlyk bilen amala aşyrýan durmuşyndan hem bellidir.

Aýnur SARYÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:24 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 81 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 9%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

GARAŞSYZLYK – ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

Next Story

Garaşsyzlyk ýyllary içinde

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop