Dark
Light
03.01.2026
al721i0erw6lagjhcieu13tn5mpmvh 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Surat: mfa.gov.tm

Türkmen-çeh gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýeti Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýan Lipawski bilen duşuşyk geçirdi, duşuşykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty 27-nji sentýabrda habar berdi.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklar babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Şu babatda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama we hyzmatdaşlyk maksatnamasyny işläp düzmegi ylalaşdylar.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara dialogyň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Çehiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Wise-Spikeriniň Türkmenistana boljak saparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň esasynda gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini bellediler.

Taraplar türkmen-çeh ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça iki taraplaýyn iş toparyny döretmegi ylalaşdylar. Şeýle-de, söwda-ykdysady işjeňlige itergi bermek maksady bilen, şu ýylyň oktýabr aýynda Çehiýa Respublikasynyň işewürler toparynyň Aşgabada boljak saparynyň ähmiýeti bellenildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

iudykzsqwukavghcrg68pnljsiwp0t 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

derman kitap 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çölüň käbir dermanlyk ösümlikleri

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop