Surat: TDH

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşdy. Bu barada TDH 26-njy senýabrda habar berdi.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, myhman duşuşmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda «John Deere» kompaniýasynyň biziň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygy nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä belli kompaniýanyň wekilini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Şu şatlykly günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýurdumyzda bolýandygy örän buýsançlydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda oba hojalygy pudagynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu pudak yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, önümçilik kuwwaty gi­ňeldilýär, innowasion işläp taýýarlamalar, ýokary tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar. Türkmenistan halkara işewür toparlaryň esasy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.

Duşuşygyň dowamynda amerikan kompaniýasynyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öň­den gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy. «John Deere» kompaniýasynyň ekiş we hasyl ýygnamak üçin ulanylýan enjamlarynyň ýurdumyza yzygiderli getirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olar oba hojalygynda netijeli peýdalanylýar we ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ulanmak üçin netijelidigini görkezdi.

Pudaga degişli ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň aýratyn ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan «John Deere» kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer hem-de ony ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, «John Deere» kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de gi­ňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:18 pm, Sep 28, 2024
temperature icon 24°C
пасмурно
Humidity 10 %
Pressure 1022 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 7 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:59 am
Sunset Sunset: 6:54 pm
Öňki taryh

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

Next Story

Türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

27.09.2024
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­ri ka­bul et­di. Bu
GitTop