Dark
Light
27.12.2025
10092024 007 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen hünärmenleri Türkiýede okuw saparynda boldular

11.09.2024

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak hem-de Oba hojalygy ministrlikleriniň işgärleri, şeýle hem welaýat häkimlikleriniň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak bölümleriniň hünärmenleri Türkiýede okuw saparynda boldular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri 10-njy sentýabrda habar berdi.

Bu sapar «Merkezi Aziýada we Türkiýede gurakçylyk we şorlaşma bilen baglanyşykly oba hojalygynyň önümçilik meýdanlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmagy giňeltmek üçin» sebitleýin taslamanyň hem-de beýleki birnäçe maksatnamalaryň çäginde amala aşyryldy.

Saparyň dowamynda Türkiýäniň Daşky gurşaw, şäherleşme we howanyň üýtgemegi ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerden netijeli peýdalanmak tejribesini girizmek we suw baýlyklaryny dolandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar umumy daşky gurşaw meselelerini çözmäge we sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyga özara gyzyklanma bildirdiler.

Türkmen wekiliýeti çölleşmäge garşy göreş we şorlaşan ýerleri dikeltmek boýunça başlangyçlaryň durmuşa geçirilýän ýerlerine hem aýlanyp gördi.

Ýedi günüň dowamynda wekiliýetiň agzalary çöl meýdanlaryny tokaýlaşdyrmak, şeýle-de şäher we milli seýilgähleri doldurmak üçin nahallaryň ösdürilip ýetişdirilýän birnäçe ýyladyşhanalaryna baryp gördüler.

Mundan başga-da, saparyň maksatnamasy Torku söwda brendiniň önümçilik toplumyna baryp görmegi, tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmagyň ajaýyp nusgasy bolan Altynapa suw howdanynyň töweregindäki tokaý meýdançasyna aýlanyp görmegi hem öz içine aldy. Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça amalay sapaklar bolsa Agýatan meýdançasynda geçirildi.

143088329fed44e2eba42ac97a2b156a 3 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň halkara maýyplyk hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi bilen duşuşyk boldy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk toýuna buýsanç bilen barýarys

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop

Don't Miss