Dark
Light
24.01.2026
3duw82ksprwsgprrkacadxhf8u2lao 1500x800 1 e1727444564479 THE ASHGABAT TIMES
Surat: mfa.gov.tm

Türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda 27-nji sentýabrda habar berildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilendigini belläp, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ugurlaryň hatarynda energetika, transport we aragatnaşyk, söwda-ykdysady integrasiýa, sanlylaşdyrma we medeni gatnaşyklaryň ösmegi aýratyn bellenildi. Taraplar, şol sanda, guramanyň çäklerinde halkara hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy we ýurduň onuň kadr kuwwatyna goşýan goşandy barada aýratyn durup geçdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar BMG-niň çäklerinde döredilen platformalary peýdalanyp, hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-tranzit geçelgeleriniň kuwwatyny artdyrmaga, serhetüsti ykdysady işjeňligi höweslendirmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşykda YHG-niň gatnaşmagynda geçiriljek öňde duran çäreleriň taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

john deere THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy

iudykzsqwukavghcrg68pnljsiwp0t 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop