Türkmenistanyň döwlet gullukçylary USAID we ÝHHG-nyň bilelikde guramagyndaky saparyň çäginde korrupsiýa garşy göreşmek we maliýe monitoring boýunça tejribelerini artdyrýarlar

23.09.2024

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabry, Aşgabat şäheri: ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we maliýe gözegçilik edaralarynyň işgärleri üçin Gazagystan döwletine tanyşlyk-tejribe alyşmak üçin iş sapary amala aşyryldy.

Bu iş saparynyň maksady Türkmenistanyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine hem-de korrupsiýa garşy göreşmek boýunça tagallalaryň netijelerini artdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Içeri işler, Adalat, hem-de Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň, Maliýe gözegçilik gullugynyň, şeýle hem Baş prokuraturanyň wekillerinden ybarat bolat iş saparyna gatnaşyjylar Gazagystandaky kärdeşleri bilen maliýe gözegçiliginiň netijeli strategiýasyny öwrenmek boýunça tejribe alyşdylar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Gazagystanyň pudaklaýyn tejribesi we pudagara hyzmatdaşlygy barada tejribe alyşmak bilen, Gazagystanyň milli töwekgelçilige baha bermek usullaryny öwrendiler.

Esasy üns berilen ugurlar maliýe gözegçiligi, parallel maliýe aňtawçylyk işi, ahyrky benefisiar eýeleri ýüze çykarmak we Astana halkara maliýe merkeziniň üsti bilen wirtual aktiwleri düzgünleşdirmekden ybarat boldy. Wekiliýet şeýle hem Gazagystanyň Baş prokuraturasy we Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça gullugy bilen duşuşyp, korrupsiýanyň we aktiwleriň yzyna gaýtarylmagynyň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Bu iş sapary Türkmenistanyň korrupsiýa garşy göreşmek we maliýe gözegçiligini güýçlendirmekde, şeýle hem USAID-iň we ÝHHG-niň sebitde dolandyryş işini we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny güýçlendirmekde möhüm ädim boldy.

USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” taslamasy (GAT) Türkmenistanyň hökümeti bilen ýurduň dolandyryş ulgamyny we kanunçylygyny kämilleşdirmekde hem-de sosial-ykdysady ösüşi gazanmakda hyzmatdaşlyk edýär. GAT taslamasy öňdebaryjy dolandyryş ulgamyny öňe sürüp, tejribelere esaslanýan kanun çykaryjylygy kämilleşdirmek arkaly durnukly ykdysady we sosial ösüşi gazanmakda ýardam berýär.

USAID dünýäniň öňdebaryjy halkara ösüş agentligi bolup, ösüş netijelerine itergi berýän gurama hasaplanýar.

Has giňişleýin maglumat almak üçin, https://www.usaid.gov/central-asia-regional  USAID Merkezi Aziýa internet sahypasyna hem-de https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia  USAID Merkezi Aziýa Facebook sahypasyna girip bilersiňiz.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:41 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Empatiýa

Next Story

Dünýä  arhitekturasynyň ösüşi

Soňkylar Habar

GitTop