buig THE ASHGABAT TIMES
Surat: TDH

Türkmenistanyň Prezidenti «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni kabul etdi.

Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýetip gelen milli baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz myhmanlary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda mähirli mübärekläp, gutlaglarydyr hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Indi ençeme ýyllaryň dowamynda «Buig» kompaniýasy türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Şu geçen ýyllarda kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň durmuşa geçiren taslamalary hil babatda halkara standartlara doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde, «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ynanyşmak, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, türkmen tarapynyň däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, toplanan oňyn tejribäni, täze taryhy döwrüň uly wezipelerini nazara almak bilen, bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
14 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirilýär

wozrojdeniye THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop