claas THE ASHGABAT TIMES
Surat: TDH

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­ri ka­bul et­di. Bu barada TDH 26-njy sentýabrda habar berdi.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, myh­man iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy we äh­li türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Şun­da «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýur­du­myz bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy. Di­ýa­ry­myz­da ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti­mi­ziň baş baý­ra­my my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry we hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry üçin ha­nym Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­ze­re min­net­dar­lyk bil­di­rip, myh­ma­nyň şu sa­pa­ry­nyň, onuň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­le­ri­niň Türk­me­nis­tan bi­len Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin esas bo­lup hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ger­ma­ni­ýa äh­li ul­gam­lar­da di­ýen ýa­ly Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar we «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär. Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry ýo­la go­ýul­dy, işe­wür to­par­la­ryň ara­syn­da gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­di­ril­ýär. Şeý­le-de se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, bank, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ryn­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, iri ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men ba­za­ryn­da üs­tün­lik­li iş­läp gel­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iň tä­ze en­jam­la­ry ula­nyl­ýar, bu ugur­da tej­ri­be al­şyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­mek bo­ýun­ça ger­ma­ni­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ryň anyk tek­lip­le­ri­ne se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we «CLA­AS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy Kat­ri­na Klaas-Mýul­hoý­zer ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
wozrojdeniye THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

john deere THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Aşgabat owgan halkyna goldaw bermegini dowam eder

15.01.2025
Türkmenistan, bitarap döwlet hökmünde, Owganystanda parahatçylyga we raýat ylalaşygyna, ykdysady infrastruktura dikeltmäge we sosial meseleleri çözmäge gönükdirilen tagallalary goldaýar we bu ýurda kömek bermegini

Sanlaşdyrylan  ösüşler

13.01.2025
       Ýurdumyzda her ýyl ösüşler öz ornuny tapýar. Bu ýyl hem “Halkara Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” milli ykdysadyýetimiziň altyn hazynasy bolan nebit we gaz
GitTop