Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

18.09.2024

17.09.2024 Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we resmi wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem munuň şeýledigini tassyklaýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlary, iri kompaniýalary we bank ulgamy birnäçe ýyllardan bäri özara bähbitli gatnaşyklary saklap gelýär. Şu geçen döwürde baý tejribe toplandy we durnukly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlar babatda, bilelikdäki önümçilik we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde has ýokary görkezijileri gazanyp biljekdigimizi bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu meselede möhüm ugurlary kesgitländigini nygtady we şundan ugur alyp, gatnaşyklary anyk şertlerde dowam etdirmegi hem-de ösdürmegi teklip etdi.

Ulag-aragatnaşyk pudagy boýunça Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmaga Germaniýanyň işewürleri uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port desgalaryny german işewürliginiň bähbidine hem ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygy bellenildi. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda göteriji enjamlar üçin «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi. Munuň özi ýük göterijilere we enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça port hünärmenlerini taýýarlamakda möhümdir. Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny beýan etdi. «Deutsche Bahn» kompaniýasynyň muňa gyzyklanma bildirýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy aýdyldy.

Himiýa senagaty geljegi uly bolan pudakdyr. Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça german tarapy bilen gepleşikler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu toplumy ösdürmek we doly güýjünde işletmek üçin «ERCOSPLAN», «K-UTEC», «Schachtbau» german kompaniýalarynyň üçüsiniň konsorsiumyny döretmek baradaky teklip beýan edildi. Gyýanlydaky polimer zawodyny ösdürmek möhüm taslamalaryň ýene biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we «MAN Energy Solutions» kompaniýasynyň bu kärhanada oturdylan zyňyndy gaz ulgamlaryny abatlamak işlerine german hünärmenlerini çekmek mümkinçiligine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň «Trützschler Group SE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini ýatladyp, bu resminama esasynda özara hyzmatdaşlygyň anyk şertlerini ara alyp maslahatlaşmagyň zerur bolup durýandygyny nygtady. Kommunikasiýa pudagynda-da hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary kesgitlenildi. «LS telcom AG», «Heidelberger Druckmaschinen AG», «Nokia Solutions and Networks GmbH Co.» kompaniýalary bilen birnäçe Ähtnama gol çekildi.

Suw hojalygy boýunça Türkmenistanda suw üpjünçilik we suw paýlaýjy ulgamy döwrebaplaşdyrmak barada «Higgins», «PSE Engineering» we beýleki german kompaniýalarynyň konsorsiumynyň tekliplerini durmuşa geçirmek hem zerurdyr. Hususan-da, Garagum derýasynyň durkuny täzelemegiň taslamasy teklip edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

German kompaniýalary Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýet taslamalaryny amala aşyrmaga-da çagyryldy. Bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, parnik gazynyň zyňyndylaryny azaltmak taslamalaryny durmuşa geçirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda şäher düzümleriniň işini döwrebaplaşdyrmakda, innowasion dolandyryş usullaryny ornaşdyrmakda german kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýaş hünärmenleri taýýarlamakda özara tejribe alşylmagyny yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belläp, oba hojalygynda okuw merkezleriniň döredilmegini muňa mysal hökmünde görkezdi.

Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar. Olar himiýa senagatynyň we dokma senagatynyň, oba hojalyk pudagynyň önümleri we ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply beýleki harytlardyr. Işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, söwda öýlerini döretmegi, german bazarynyň bölümleriniň açylmagyny goldaýarys. Germaniýanyň hususy we döwlet edaralaryndan şeýle meýilnamalara goldaw berilmegine garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu meseleleri şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Berlinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisiniň gün tertibine girizmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz, umuman, söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň Germaniýa bilen bilelikdäki işlere gyzyklanma bildirýändigini we oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Soňra GFR-iň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawy we jogapkärli çemeleşmesi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň, daşary ýurtly işewürler üçin berilýän ýeňillikleriň ähli ugurlar boýunça bilelikde üstünlikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Şunda taraplar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady özgertmeleri, okgunly ösýän milli ykdysadyýetiň isleglerini nazara almak bilen, ykdysady gatnaşyklaryň täze derejesi barada aýdyp, onuň ýokary tehnologiýaly we innowasion häsiýete eýe bolmalydygyny nygtadylar.

Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de şu gün gazanylan ylalaşyklaryň, beýan edilen teklipleriň eýýäm ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine, olaryň däp bolan türkmen-german dialogyny özara bähbitlere laýyk gelýän ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:46 pm, Sep 19, 2024
temperature icon 24°C
облачно с прояснениями
Humidity 31 %
Pressure 1017 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Üns

Next Story

Maşgala – jemgyýetiň esasy gymmatlygydyr!

Soňkylar Habar

GitTop