Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

28.09.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Baýramlarda we şanly senelerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi geçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. At çapyşyklary diňe bir atlaryň naýbaşy wekilleriniň bäsleşigi bolman, eýsem, bedewleriň gaýtalanmajak gözelliginiň we kämilliginiň beýanydyr. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da at çapyşyklary toýlaryň bezegi bolmak bilen, atşynaslaryň ussatlygyny, başarjaňlygyny, atlaryň güýjüni, gözelligini, ýyndamlygyny görkezmäge-de mümkinçilik berýär. «Atdyr ýigidiň ganaty», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllar halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasynyň mysalydyr.

Ahalteke bedewleri türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilipdir. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň uçar ganaty we köňül buýsanjydyr. Häzirki döwürde atçylygy, atçylyk sportuny halkara derejede ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli işlere uly üns berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşilýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary örän uludyr.

Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy saklamaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmegi, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi pudagyň ösmegine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Çapyksuwarlary, ussat seýisleri taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri döredilýär. Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramaga niýetlenen açyk manež hem ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berýär. Pudagyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda yzygiderli alada edilýär.

Türkmen atşynaslary tarapyndan ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny artdyrmak boýunça-da uly işler alnyp barylýar. Garaşsyz Watanymyzda atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin zerur çäreler görülýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrýar. 27-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabaraly ýörişde hem ahalteke bedewleri öz gözelligini görkezdiler.

…Irden Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ol halkyň ruhy galkynyşyny, giň möçberli dabaralary özünde jemläp, türkmen toýuna mahsus milli däpleriň özboluşlylygyny, gözelligini açyp görkezdi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar hem bar.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Toplumyň çäginde ahalteke bedewleriniň hormatyna milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, suratlaryň, halk senetçiliginiň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Girelgeden merkeze çenli uzap gidýän ýerde guralan sergide halkymyzyň milli gymmatlyklary, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy. Muzeý gymmatlyklaryny hem öz içine alýan giň gerimli sergi gadymy döwürlerden şu güne çenli döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolup gelen meşhur ahalteke atlaryna bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň özboluşlylygy, halk döredijiliginiň, senetçiliginiň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, şeýle hem sergini synlady. Şu gezekki sergi halkymyzyň baý we köpugurly taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygynyň, ýiti zehininiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergide nepis halylar, ýüpek matalar, ajaýyp nagyşlar, türkmen milli lybaslary, şaý-sepler, dokma, keçe, deri we agaç önümleriniň özboluşly nusgalary, milli saz gurallary, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at esbaplary, öý goşlary, zähmet gurallary, sowgatlyk önümler görkezilýär.

Suratkeşler we heýkeltaraşlar bedewleriň özboluşly aýratynlyklaryny beýan edýän eserlerini hödürlediler. Buýsançly atlar suratlarda, metaldan, daşdan we beýleki materiallardan ýasalan eserlerde, özboluşly neşir taslamalarynda şekillendirilipdir. Artistleriň we döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalar toparynyň joşgunly çykyşlary dabara türkmen toýlaryna mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde görkezilýän türkmen göreşi halkymyzyň milli mirasyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýany boldy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde folklor-tans toparlary aýdym-sazly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. «Bedewim» atly aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz esasy münber binasyna barýar. Alypbaryjy baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berlendigini yglan edýär.

…Bedewler ýokary tizlik bilen ýaryşa goşulýarlar. Ahalteke atlarynyň sazlaşykly çapuwy olaryň toýnaklary ýere degmän, göýä uçup barýan ýaly duýgyny döredýär. Olaryň keşbinde deňi-taýy bolmadyk gözellik, çydamlylyk, güýç-gaýrat, joşgunly we buýsançly gylyk-häsiýet, haýran galdyryjy wepalylyk sazlaşýar.

Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli ýörelgeleri, oňyn tejribeleri bu ugra degişli hünärmenleriň ünsüni çekýär. Çünki türkmenler ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň kämil nusgasyny dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp atlary olaryň arassa ganlylygy, oňyn häsiýetleri bilen saklamagy we ösdürmegi-de başarypdyrlar.

Bu gün dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Olaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşyp, öz iň gowy häsiýetlerini açyp görkezdiler. 1600 metr aralyga geçirilen ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar. Birinji çapyşykda 1 minut 52,1 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gönibek atly at görkezdi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew. Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 51,6 sekunt netije bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Bäherden” atçylyk hojalygyna degişli bolan Gülbahar atly gurt mele at geldi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow. Üçünji çapyşykda 1 minut 53 sekunda deň bolan iň gowy netijäni “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli Dorsekil atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.

Galan soňky çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlar ýaryşdylar. 1600 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Bäsleşik atly dor at geldi. Ol 1 minut 50,9 sekunt netije görkezdi. Çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar K.Öwezow. 1800 metr aralyga guralan bäşinji çapyşykda 2 minut 03,3 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar T.Babaýew. Şeýle aralyga altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Daýanjym atly dor at 2 minut 05,5 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary B.Bajamow. Şol aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy. Pellehana 2 minut 06,8 sekunt netije bilen ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşikde iň gowy netijeleri görkezenler döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlasyny, başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hemişe bolşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary hem myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bäsdeşlik ruhy, hyjuw we elbetde, ahalteke atlarynyň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlaryň şowhunyny artdyrýar.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu günki dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:32 pm, Nov 21, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 82 %
Pressure 1021 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:53 am
Sunset Sunset: 5:51 pm
Öňki taryh

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Next Story

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

GitTop