iudykzsqwukavghcrg68pnljsiwp0t 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

27.09.2024

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Marko Žuriç bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda 27-nji sentýabrynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna bilelikdäki ygrarlydygyny beýan etdiler. Türkmenistanyň we Serbiýanyň bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge gyzyklanýandygy tassyklanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirdiler we ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekildi.

loader-image
Ashgabat
8:38 am, Feb 22, 2025
temperature icon 5°C
пасмурно
Humidity 75 %
Pressure 1021 mb
Wind 23 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
3duw82ksprwsgprrkacadxhf8u2lao 1500x800 1 e1727444564479 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

al721i0erw6lagjhcieu13tn5mpmvh 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen-çeh gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss