Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Üstünligiň kämil ýoly

02.09.2024

Eziz Diýarymyzda türkmen ýaşlaryň ýokary ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, giň gözýetimli, beden we akyl taýdan kämil sypatlary özünde jemleýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyrmak we ösdürmek baradaky ylmy taglymatynda innowasion ykdysadyýete uly orun berýär. Sebäbi dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösmegi, nazary, amaly bilimleriň we maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýetiniň artmagy gönüden göni täsir edýär. Bu bolsa jemgyýetimiziň ähli wekillerini, ilkinji nobatda, ýaşlary häzirki zaman ylymlaryny öwrenmäge, ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge çagyrýar. Çünki ylym-bilim Watanymyzyň geljegini rowaçlandyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamyny ösdürmekde orta, başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň durmuş bilen arabaglanyşykly, ýaş nesliň alýan nazary bilimlerini aňynda berk şöhlelendirip, ony gündelik durmuş tejribesinde ulanyp başarmagyna, maksada okgunly bolmagyna ýardam edýär. «Bir okasaň ýat, müň okasaň binýat» diýip, ata-babalarymyz bilimiň yzygiderli we dowamly bolmagyny pent edipdirler.

Akyllylygy, parasatlylygy yzygiderli alnan bilimiň hem-de ylymyň netijesinde adam janly dünýäniň hadysalaryna, wakalaryna akyl ýetirýär hem-de özüniň gündelik iş, durmuş tejribesini dolandyrýar. Akyl taýdan kämillik ilki bilen, ylym-bilimden doly ýüküň ýetik, hünär taýdan ussat bolmagy talap edýär. «Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir» diýip, ata – babalarymyz dogry belläpdirler. Eziz Watanymyzda ýaş nesli terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ajaýyp kitaplary nusgalyk mekdep bolup, ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamagyň usulyýet esasy bolup durýar. Türkmen ýaşlaryna okamaga, döretmäge, kämil hünärmen bolup ýetişmäge döwletimizde döredilýän mümkinçilikler sanardan köpdür. Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän beýik ynamyny ödemek mukaddes borjumyzdyr. Eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Atanyýaz KÖMEKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk toýuna barýarys

0ebbbe503c7fc2bf400b93c5f617df4a THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly täze kitap üç dilde çapdan çykdy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss