Dark
Light
03.01.2026
150524 20 THE ASHGABAT TIMES

Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

14.10.2024

Her güni misli toý hoş habara baý
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan
Ýoly asudalyk, ili hoşamaý
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Ýazlar görk berip dur bezäp Diýary.
Mäkäm örklenipdir: galmak hyýaly.
Sanardan kän “uçmah” gördüm diýýäni-
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Her biri bäs edýän eýwana köşge
öýleriň ýalkymy, ýakymy başga-
Mähirden püre pür, dolup dur yşga
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Daglara jerenler, baglara guşlar,
Zawlara çemenler, çaýlara joşlar,
Çaglara ýaraşýar tutumly işler
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Ýeňiş ýaran bagty çüwen mähellä
Jümle jahan guwanyp dur, Maşalla.
Ýaşlarymyz döwrümizden joş alýar
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan.

Bar zat aýan: ( iş ýok bärde geňläsi)
Ynam bilen halal zähmet hemrasy.
Halk, adyl Şa – birdir pikri dünýäsi
Ajap alamatdyr bagtyýarlykdan

Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 13 10 2024

apple store 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly söwda dükanlary

Soňkylar Goşgular

Täze ýyl arzuwlary

31.12.2025
Adam iki gezek gelmeýär dünýä,Ýaşalan bir ömür ýaşalsyn sünnä.Köňülde kök uran, göwünde güllänBagt bagyndan paý eçilsin bu ýyllar! Humaý guşy ganat berip perinden,Her kes

Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara

09.08.2025
Diýdiler Göwnüm gitdi bir bakyşda ol dildara,Näz kylan bakyşlary goýar armana.Saçy uzyn, gaşy ýaý, ýüzi nurana,Gözelleriň gözeli peri diýdiler. Soradym ilden ol gözeliň ismini,Setirlerimde

Bu türkmeniň Lideri siz, Arkadag!

17.12.2024
Türkmeniň abraýyn arşa göteren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag!Gadym ýurda baky bagty getiren,Watan diňe siziň bilen, Arkadag! Ýaýlasynda bagt gülleri açylan,Täleýine ykbal nury saçylan,Topragyna rysk-bereket

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

28.09.2024
Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany! Hoşniýetli dost

Ajap diýarda

28.08.2024
Galkynyşly täze eýýam döwründe,Talyp boldum bu ajaýyp diýarda,Berkarar Watanym TürkmenistanymTalyp boldum bu ajaýyp diýarda. Beýan etsem ýürekdäki begenjim,Ylmyñ-bilmiñ rowaçlanýan diýarda.Gül goýnuñda arzuwlarma ýetenim,Talyp boldum
GitTop