2023 06 30 649e344906c60691598529 960x432 1 THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – gözellik mekany

29.10.2024

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragyna goýýan sarpasyna esaslanyp, 2024 – nji ýyly “Änew şäheri- türki halklarynyň medeni paýtagty”diýip, yglan edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem- de ony ýaş nesillerimize miras goýmak üsti bilen uzak günorta ýa – da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler, şeýle – de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler. topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan desgalarda bagy- bossanlyga üns berilmegi bolsa, hut Milli Lidermiziň öňe sürýän syýasatydynyň naýbaşylarydyr. Ýurdumyzda häzirki zaman arhitektura sungatynyň iň ýokary gözelligi türkmen halkynyň buýsanjy bolan , Arkadag şäheridir. Onuň gözelligi , dünýäde taýsyzlygy bolsa, bu gözel şäheriň arhitektura aýratynlygy bilen tapawutlanýanlygyndan gelip çykýar. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan bu ajaýyp şäheriň gurluş aýratynlygy hakda belläp geçmek elbetde bu günki gün ýerlikli boljak.Elbetde bu şäheriň arhitektura ugurlaryna ser salmak we şol gözel binalary birsydyrgyn ýola goýmak üçin ugraşmak, häzriki zaman ösen arhitektura üstünlikleri bilen bir hatarda ýurdumyzda ýedi yklyma ýaň salan beýik şäheriň gözelligi hakda aýtmak gerek.Ýurdumyzda hereket edýän arhitektura gözelligi hem-de binalaryň gurluş aýratynlyklaryna wajyp rol bilen bakýan bu ajaýyp şäher arhitekturasynda edilen işleriň häzirki zaman ösen isleglere laýyklygyndan gelip çykýar.Raýatlaryň bagtyýar gelejegini saglaýan bu şäher ähli amatly şertleri bolan, gözelligi, howasynyň aýratyn serginligi bilen haýrana goýýar. Dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylar hem bu şäheri ýörüte görmek üçin gelýärler. Olaryň bu ajaýyp merjen şäheri görmekleri bolsa, biziň ýurdumyzda ykdysadyýete, ysýahatçylyga, bilime, medeniýete nähili üns berilýändiginiň derejesini açyp görkezýär.Bu şähere myhman bolup barsaň hem göwnüň açylýar, çar bagly Çandybil deýin gözel görkli , rahat, bagtyýar körpeler şadyýan ýaşaýan şäherde bolçuly, parahatçylyk höküm sürýär. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda bolýan ösüşleriň häzirki zaman tehnologiýalara laýyklykda ösüşler bilen beslenmesi halkymyzy bagtyýar ýaşaýyşyň sakasynda ýaşaýan raýatlar hökmünde öňe çykarýar.Birnäçe işleri etmek bilen birnäçe gurluşyk firmalary döwlet ähmiýetli uly binalary, ýaşaýyş jaýlary hem gurmaklary bolsa, halkymyzyň bagtyaýr ýaşaýyşyny düzýän üstünlikleriniň nusagsydyr.

Mundan başga-da, öý eýeleriniň esasy bölegi öz ýaşaýyş jaýyny elektrik energiýasyny tygşytlaýjy görnüşinde gurmaga çemeleşýärler. Arkadag şäherinde bolsa, bu amatlyklaryň ählisi göz öňüne tutulandyr. Munuň özi halkymyzyň ösen islegleriniň bardygyny alamatlandyrýar we bu günki gün wajyp bir nazar bilen geçirilýän dünýä meşhur gözel şäheriň günümizde iň ýokary wezipeler bilen gurlandygyny subut edýär.

Ýagny hem gyş hem tomus paslynda otaglarda amatly temperaturany pes çykdajylar bilen gazanmagy meýilleşdirýärler.Hususy jaýlaryň gurulmagy bilen birlikde edara- kärhanalar hem gurulmagy bagtyýar durmuşy şertlendirýän halkymyzyň häzirki zaman ösen islegleriniň alamaty bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda gurulýän islendik binany, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin edilen işleriň täze möwsümlerini açmak bolsa, häzirki zaman ösen islegli raýatlaryň bagtyýar durmuşyny wada berýär.Türkmenistanda gurluşyk edýän firmalardan gurluşygyny bellenen möhletde gurup, hilli tabşyrmaklary halkymyzyň hoşallygyny bilidrmäge mümkinçilik döredýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň amatly şertler bilen şertlendirilmegi bolsa, döwletli jaýlaryň gurlan ýokary hilli üpjünçiligini bagtyaýr halkymyza peşgeş edilmegi buýsandyrýar. Gurluşyk firmalarynyň gurýan binalaryna, ýaşaýyş jaýlaryna ýörite gözegçilik edýän döwlet topary bar. Munuň özi gurluşygyň hiliniň ýokary bolmagyna mümkinçilik döredýär.Täze innowasion ulgamlaryň saýasynda “akylly öý” ulgamyny dolandyrmak üçin planşedi, öý kompýuterini, ýörite oturtma panelli pultlary ýa-da smartfony ulanmak mümkindir. 

Dogrusy täze salynýan ýaşaýyş jaýlarynyň innowasiýon üstünlikler bilen bezelmegi halkymyzyň bagtyýarlygyny gazanmaga bolan ädimleriň ýokarky basgançaklarynyň nyşanydyr. Akylly öýüň esasy artykmaçlyklary jemlenen ýeri bolan ýaşaýyş jaý toplumlary häzirki zaman tehnologiýalarynyň üstünlikli tarapyny açyp görkezýär. Yşyklandyryş elektrik yşyklandyryjylarynyň amatly ýakylmagy, şeýle-de gurnalan programma boýunça onuň derejesiniň kadalaşdyrylmagynyň gurnalmagy bolsa, bu jaýlarda bagtyýar raýatlaryň ýaşajakdygyny ýene bir gezek subut edýär.

Gözel binalaryň, gözel jaýlaryň gurulmagy üçin häzirki wagtda hem däp bolan, hem täze tilsimatlar ulanylýar. Bularyň birini saýlamak üçin  uly göwrümli işleriň gidişinde we taýýar binanyň ulanylşynda nähili meseleleriň ýüze çykjagyny ara alyp maslahatlaşmaly. Biziň ýurdumyzda bu ajaýyp şäheriň ähmiýeti halkyň gözel durmuşynyň wajyplygy, sagdyn durmuş şertleriniň bu günki gün wajyplygy bilen ölçelýär. Ýylyň islendik paslynda-da öýüň ýaşamaga amatly bolmagy üçin, gurluşyk harytlary saýlanda onuň guruljak ýeriniň gyş paslynda ortaça temperaturasyny guruljak diwarlaryň we basyrgylaryň termoizolýasiýa häsiýeti bilen deňeşdirip göz öňüne alynmagy zerurdyr.
Halkymyz üçin şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Nazira Rüstemowa
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň 29- njy orta
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:23 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 5°C
пасмурно
Humidity 82 %
Pressure 1023 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 3 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
delegacija armenii v turkmenistane THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ermenistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp gördi

624e8fc21b632180751979 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrebap usullaryň peýdalanylmagy

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop