650x344 bereketli topraklar uzerinde ozet bereketli topraklar uzerinde romani olay orgusu incelemesi ve ana fikri e1 1689325090064 THE ASHGABAT TIMES

Bereketli  toprak

31.10.2024

Türkmen daýhanlary bu gün bagtyýar durmuşda ýaşar. Mes toprakly, bol suwly ýerlerimiziň gözelligi we oalryň hasyllylygy her ýylyň güýz aýlarynda has-da özüni görkezýär. Çünki türkmen topragy ata- baba bereket içinde bolan toprak. Onuň her bir barmak ýerinden bereket önüp- ösýär, şol sebäpli-de türkmen daýhany bu ajaýyp bagtyýarlygy hasyl baýramynda paýlaşýar, güýzüň ajaýyp netijesini görmek üçin yhlas bilen alyn derini dökýär. Türkmeniň saçagynyň berekedi ak bugdaýdyr. Ýurdumyzda geçirilýän ala meýdanlar ähmiýetli işler halkymyzyň bolçulugynyň, ykdysady üpjünçiligiň oňyn ugurlarynyň hasaba alynmasy boýunça edilýän işleriň netijeliligini görkezýär.

Diňe bir bugdaýdäl, ýurdumyzda beýleki bakja we miweli ekinleriň ekilmegi, ýurdumyzyň galla bolçulygy bieln birlikde döwletli saçagyň eýesi bolmagymyza delillik berýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyryny ekmek işleri gyzgalaňly barýar. Bu ugurda agrotehniki kadalara laýyklykda, ähli zerur işler geçirilýär.

Şeýlelikde diňe bir ekin meýdanlarynyň işleri bilen çäklenmän eýsem işleriň ýola goýulmagy üçin maksatly gurluşyk işlerinde hem üstünlikler barha öz ugruny üýtgedýär.Ýurdumyzyň azyk bolçulygy ýurdumyzda geçýän ähli hereketler bieln baglydyr. Daýhan maşgalalaryna jaý berilmegi, şeýle- de beýleki ähmiýetli meýdan işleri bilen baglanşykly işlerde sazlaşygyň ýola goýulmagy bu günki gün iň iri ösen ykdyady ýurda öwrülmegiň tilsimlerini öz içine alýar. Şeýle hem şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi maksat edinilýän medeni- durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işlerini bildirilýän talaplara laýyklykda, öz möhletinde ulanmaga berilmegi buýsandyrýar.

Galla oragy möwsüminde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm talaplary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi halkymyz üçin edilýän işleri bolsa, ykdysady üpjünçiligiň iň ýokary wezipeleriniň biridir.Her ýyl talabalaýyk orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyk ýerine ýetirilmegi ala meýdanlaryň halkyň durmuşy, bereketli türkmen saçagynyň berekedini artdyrmak üçin ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär.

Welaýatlaryň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni- durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, olaryň bellenen möhletinde, ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini hünärmenleriň işerine ezberdiginiň subutnamasydyr. Türkmen daýhany bu gün öz iýjek miwesini we bakja önümlerini, däneli ösümlikleri öz bakjasynda ösüdrip ýetişdirmäge mümkinçilik gazandy. Zähmetiň ajaýyp miwesi bolsa, hemişe rehnedini görkezýändigni hut Garaşsyzlyk ýyllary göz ýetiren türkmen daýhany bu gün baýram berlleýär. Her bir ojakda baýramlar baýrama, toýlar toýa ulaşyp, pişme, çelpek , ähli zatlar öz berekedi bilen toýlarymyzy bezeýär.Türkmen saçagynyň gymmaty, onuň üstünlikli gadamlary saglaýan nesilleri döwletliligiň nyşany hökmünde ata- baba topraklarymyzyň baky gaýmagyny, bugdaý meýdanlaryny aýap saklamaga mümkinçilik berýär. Sebitde gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda zerur işler geçirilmegi has- da guwandyrýar we halk ähmiýetli edilýän işleriňmazmunyny artdyrýar.

Şol bir wagtyň özünde sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk ýola goýulmagy hünärmenleriň buýsançlaryny artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen we  syýasaty bilen ýöreýän türkmen halky bu gün iň ýokary derejeli bugdaý dänelerini hem- de bakja önümlerini öndürmekde öňdebaryjy abraýa eýedir. Bu bolsa bagtyýarlygyň nyşanydyr. Bize şeýle bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Agaaman AGAÝUSUPOW
S.A.Nyýazow adynaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:31 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
1280 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 30.10.2024

2uhiumg0rd9ouptaw03rjjidsm1t5tu1fcheufgho4gslskzqszkoxe4bsot 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösüşler ýurdy

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop