BMGÖM-niň Türkmenistanda we Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti (Türkmenstat) bilen bilelikde amala aşyrýan “2008-nji ýylyň Milli hasabatlar ulgamyny ornaşdyrmak üçin maliýe hasabatlaryny taýýarlamaga ýardam bermek” atly taslamasynyň çäginde, 2024-nji ýylyň 21-26-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna okuw sapary geçirilýär. Saparyň maksady – gatnaşyjylaryň maliýe hasabatlaryny taýýarlamak boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak we bu ugurda halkara öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek.
Wekiller Türkiýäniň Statistika instituty (Türkstat), Türkiýäniň Gazna we Maliýe ministrligi we Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky ýaly esasy edaralar bilen duşuşdylar. Saparyň dowamynda edaralaryň arasyndaky wezipeleriň paýlanyşy, konseptual we metodologiki meseleleriň çözgüdi, maglumatlaryň çeşmeleri we çäklerindäki tapawutlary ýüze çykarmak arkaly integrirlenen hasabatlaryň ylalaşdyrylmagy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, wekiller maliýe hasabatlaryny taýýarlamak boýunça pudagara iş toparynyň agzalarynyň öňünde durýan meseleleri, maglumatlaryň mümkin bolan çeşmelerini, şeýle hem maliýe hasabatlaryny taýýarlamak üçin hasabat şablonlaryny we programmalar gurallaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu okuw sapary, BMGÖM-niň maliýe dolandyryşyny gowulandyrmak we ykdysady maglumatlar ulgamyny berkitmek boýunça has giňişleýin tagallalarynyň bir bölegidir.
“2008-nji ýylyň Milli hasabatlar ulgamyny ornaşdyrmak üçin maliýe hasabatlaryny taýýarlamaga ýardam bermek” taslamasy, Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň we beýleki döwlet guramalarynyň maliýe hasabatlaryny taýýarlamak boýunça statistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň tagallalaryny güýçlendirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda başlandy. Taslama, statistiki maglumatlaryň hilini gowulandyrmak arkaly ýurtdaky ykdysady, pul we maliýe proseslerini has doly bahalandyrmaga we yzarlamaga mümkinçilik berer.