Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ

23.10.2024

Çagalara edep-tertip öwretmek. Çagalary terbiýelemek işinde olara edep-tertipliligi öwretmek uly orun tutýar. Çaga diňe bir edep –tertip öwretmän ,ony durmuş bilen öwrenişdirmegiň, onda tertipliligiň gowy endiklerini terbiýelemekligiň möhümdigini hem tassyklapdyrlar (B.G.Belinskiý). Çagalara diňe bir başga adamyň görkezen edermenlikleri baradaky hekaýalary gürrüň edip bermek bilen, olary batyrgaý adam edip ýetişdirip bolmaz. Şonuň üçin hem olary dogumly bolar ýaly ýagdaýlarda saklamaly. Çagany kynçylyklara çydamly bolmaklyga öwrenişdirmeklik möhümdir. Elbet-de, bu kynçylyklary özüň bilgeşleýinden döretmeli däldir.

Mekdebe çenli ýaşdaky döwürden başlap çaga özüni alyp barmagyň belli bir tertip-düzgünini berjaý etmekligi, päkizeçiligi, sypaýyçylygy hem-de uly adamlara hormat goýmaklygy öwretmek gerek.

Çagalaryň has medeniýetli bolmagyny gazanmak üçin olaryň göwün-isleglerini götermek gerek. Meselem, çagalarda has ýaşlygyndan sada,owadan eşikleri geýmeklige hem-de olary päkize geýmeklige höwes döretmek gerek.

Durmuşda arassa bolmaklyk, geýimi päkize hem-de gowy geýmeklik özüňi medeniýetli alyp barmaklygyň möhüm endiklerinden biridir.

Çagalara hem-de ösüp barýan ýaş nesillere başlan işiňi soňuna çenli alyp barmaklygy, sapak wagtynda ünsüňi sowmazlygy, iş gutarandan soň zatlaryňy,okuw kitaplaryňy öz ýanyň bilen alyp gitmekligi öwretmek gerek. Çagalara häli şindi ýatladyp (tabşyryp) durmak ýoly bilen olarda bu endikleri döretmek aňsatdyr.

Çagalary öwmek. Çagalary oňat eden işleri üçin öwmegiň çaga terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Çagalaryň oňat zada bolan höwesiniň öz wagtynda goldanmagy dürli hili jezalandyryş çärelerini ulanmakdan has oňat netije berip biler. Çaganyň özüni alyp barşynyň gowy taraplaryny görmän, onuň oňat edýän işlerini taryplaman,onuň kemçiliklerini bir syhly ýatladyp durýan ene-atalar nädogry edýärler.

Öwmeklik başarjaňlyk bilen peýdalanylsa,ol çagalaryň häsiýetiniň we özüni alyp barşynyň gowy taraplarynyň ösmegine ýardam edýär. Çagalar özlerini öwdürmek üçin özüni oňat alyp barmaga çalyşýarlar. Şonuň bilen birlikde öwgi çagalarda öz güýçlerine ynam döredýär, olaryň keýpini göterýär, gowy baha berlen hereketlerini gaýtalamaga çalyşmak duýgusyny ösdürýär. Adatça çagalaryň özüni oňat alyp barýanlygy üçin öwmeklik, taryplamak we sylaglamak görnüşinde ulanylýar. Elbetde çaga öwgä mynasyp bolanda öwmelidir. Käbir ene-atalar terbiýelemegiň bu usulyny çendenaşa köp ulanyp, hatda sähelçe üstünligi üçin çagany çakdanaşa taryplaýarlar we sylaglaýarlar. Bu bolsa çaganyň öwgä parhsyz garamagyna, oňa öwrenişmegine eltýär. Çagalary her bir oňat işi üçin öwüp durmagyň geregi ýokdur. Olar diňe taryplamak we sylaglamak üçin özlerini gowy alyp barman, eýsem olar özlerini gowy alyp barmaga öwrendikli bolmalydyrlar.

Elbetde, çagalary dogry terbiýelemekde zat sylag bermek hem gadagan däldir. Ýöne olar birnäçe wagt öňünden wada edilip berilmän, eýsem olaryň berilmegi çagada garaşylmadyk begenç döretmelidir. Çagalara ozaly bilen akyl we beden ösüşine ýardam edýän: oýunjaklary, kitaplary, çagalar üçin niýetlenen sport enjamlaryny we beýleki zatlary sylag bermek gerek.

Leýli MÖWLAMOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

main 2x 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Garri Potter” serialy Joan Rowling-iň çuňluklaryna aralaşmagy wada berýär

dnqiwmt8yucnk71jbgwug8bz9gf4egqtutklydle THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop