Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Denominasiýa we onuňdurmuş-ykdysady netijeleri

22.10.2024

1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan milli pul bolan manadyň girizilmegi we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli walýutanyň – denominasiýasynyň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet nyşany hökmünde-de, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hökmünde-de obýektiw zerurlyk bo­lupdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe millimanadyň orny has hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Çünki ýurduň mundan beýläk-de ösmegi Türkmenistanyň Halk maslahatynyň adatdan daşary ХХI mejlisinde Gahryman Arkagadymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durmuş toplumyň özgerdilmegine, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň ýokary galmagyna, telekeçiligiň goldanylmagyna, özgertmeleriň esasy ugrunyň sebitlere geçirilmegine gönükdirilýär. Şonuň bilen baglylykda milli pul ulgamynyň rejeli işlemegi bilen baglanyşykly ençeme çäreler görüldi.

Milli manadyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek, ykdysadyýeti bazar şertlerine uýgunlaşdyrmak, hasaba alşy we hasaplaşyklary ýeňilleşdirmek, şonuň ýaly-da döwlet serişdelerini tygşyt-lamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji awgustyndaky Permany bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda milli pul birliginiň denominasiýasy (pul belgileriniň gymmatynyň üýtgedilmegi) geçirildi.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän özgertmeleri, hususanda, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerini, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny we halkara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň artmagyny, ahyrky netijede bolsa halkyň maddy halýag-da ýynyň gowulanmagyny üpjün etmäge gönükdiri len milli manadyň denominasiýasynyň geçirilmegi bazar gatnaşyklaryna geçmekde we ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Denominasiýa – ykdysady nukdaýnazardan dola ny şykdaky pullaryň köne nusgalarynyň nominal gymmaty azaldylan täze nusgalaryna çalyşmak arkaly ýurduň pul birlikleriniň berkidilmegidir.

Denominasiýany geçirmegiň birnäçe ykdysady ähmiýeti bar. Olar şu aşakdakylardan ybarat:

● manadyň hümmetini pugtalandyrmak;
● milli manadyň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlan-dyrmak;
● nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek;
● ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek;
● täze milli pul birliginiň nominal düzümini halkara ülňülerine laýyk getirmek;
● nagt pul serişdeleriniň taýýarlanylmagy, saklanylma­gy, daşalmagy bilen bagly çykdajylary azaltmak;
● töleg amallarynyň ähli görnüşleri üçin çykdajylaryň kemelmegine şert döretmek;
● hasaplaşyklary geçirmegi we statistiki hasabatlary düzmegi ýeňilleşdirmek, şonuň ýaly-da ýalňyşlyklaryň öňüni almak, wagty tygşytlamak;
● täze milli pul birliginiň goraglylygyny has ýokary derejede üpjün etmek;
● ýurduň we ilatyň maliýe taýdan durnuklylygyny has-da pugtalandyrmak.

Türkmenistanda 2009-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-in­den ýurdumyzyň ykdysadyýetinde milli manadyň dolany-şy gynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nyrhlaryň emele gel şini ýönekeýleşdirmek we bazar gatnaşyklaryna uýgunlaş dyrmak, hasaplaşyklary geçirmegi aňsatlaşdyrmak, döwlet serişdelerini tygşytlamak hem-de milli pul ulgamy-ny özgertmegiň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen geçirilen denominasiýa pul birlikleriniň nominal ölçeginiň 5 000 esse azaldylmagy görnüşinde geçirdi. Denominasiýa 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan dekabr aýynyň 31-i aralygynda amala aşyryldy. Şol döwürde milli manadyň köne nusgalary täze nusgalary bilen bir hatarda nagt hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerinde kanuny töleg serişdesi hökmünde ulanyldy. 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň çäginde hereket edýän ähli banklarda milli puluň köne nusgalary täze nusgalara çäklendirilmedik möçberde çalşyldy. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan dolanyşyga girizilen täze türkmen milli manadynyň 1 manady dolanyşykdaky öňki 5000 manada deň boldy.

Dolanyşyga täze türkmen milli manadynyň gymmaty 1, 5, 10, 20, 50, 100, 500 manat bolan banknotlar we 1, 2, 5, 10, 20, 50 teňňä deň şaýy pullary girizildi. Dolanyşyga girizilen täze pul birliklerinde türkmeniň beýik şahsyýetleriniň şekilleri ýerleşdirilen. Gymmaty 1 manada deň banknotda Togrul beg Türkmeniň, 5 manatda Soltan Sanjar Türkmeniň, 10 manatda Magtymguly Pyragynyň, 20 manatda Görogly beg Türkmeniň, 50 manatda Gorkut ata Türkmeniň, 100 manatda Oguz han Türkmeniň we 500 manatda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň şekili ýerleşdirilendir.

Guwançmyrat AGAJYKOW
Türkmenistanyň Döwlet egergetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

MIWE ŞERBETLERI

603dc4a7bd2eb377122345 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ata Watanymyz kuwwatly energetika döwleti

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop