624e8fc21b632180751979 THE ASHGABAT TIMES

Döwrebap usullaryň peýdalanylmagy

29.10.2024

Ýurdumyzy ösdürmekde ýurdumyzda raýatlaryň rahat ýaşamagy, olaryň durmuşynyň öňküden has- da gözelleşmegi üçin edilýän işler öňküsinden has- da artýar. Ýurdumyzda uludan – kiçä hemmeleriň üstünlikli gadamlar bilen güýz aýynda geçirilýän çäreleri gatnaşmagy biziň halkymyzyň agzybirliginiň nyşanydyr. Çünki ykdysady sergiler bilen birlikde söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak hem-de ösüşleriň, özgerişleriň mekany bolan türkmen topragynyň anyk taýýarlyklar hem-de gelejekki islendik önümleriň hilini gowulandyrmakda hem-de Jemgyýetde adamlar bilen agzybir ýaşamak,olaryň bir-birege bolan dostana gatnaşyklaryny ýola goýmagy bolsa,esasy zatlaryň biridir. Yzygiderli içki ösüş we adamyň ruhy dünýägaraýşy barada pikir alyşmagyny dowam edýär.Önümleriň we serişdeleriň biziň jemgyýetimizdäki ornuna düşünmegi,bu zatlaryň ählisi biziň durmuşymyzň aýrylmaz bölegidir.Her bir dünýägaraýşy baý adam bolsa,jemgyýetiň iň uly basgançaklarynda kemala gelýändir.

Hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň aňyrsynda beýik dostluk bar. Dünýäniň ösen döwletlerinde öz beýik dostlugyň bilen görelde bolmak,şeýle-de dostana gatnaşyklaryň aňyrsynda söwda aragatnaşygynyň ösen hilini ýola goýmak , sanly bazarlaryň köpelmegini gazanmak hem-de ýurdumyzda ýaş telekeçilere uly üns bermek bilen birlikde häzirki zaman ösen tehnologiki hilleriň üsti bilen söwda aragatnaşygynyň iň aňrybaş kämilligini gazanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Topragyndan iň gymmat baýlyklar önýän Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar.Bu ugurlaryň gün geldikçe ösmegi bolsa,gadymy ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän türkmen topragyna bolan gyzyklanmanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.Munuň özi daşary ýurtlylar bilebn söwda – ykdysady gatnaşyklarda has-da ýokarlandyrmak ukybyna eýedigini subut edýär. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalary taýýarlanyp, gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy.Munuň özi halkara çäklerde Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine Döwletimiziň ýokary derejeli ösüşleri diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylmagynda ilkinji nobatda söwdanyň ileri tutulmagy bilen düşündirilýär.

Söwdanyň ýokarlandyrmagyň usulyny oýlap tapmakda ýaşlaryň teklipleriniň döwrebaplygyny hem göz öňüne tutmak ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň ýokary derejeleriniň netijeliliginde ulanylmagy hökmany ýagdaýdyr. Çünki dünýä boýunça häzriki zaman ösüşler täze usullar bilen gönüden- göni baglydyr. Türkmenistanyň pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça möhüm weziperleriň mümkinçilikleri günsaýyn giňeýär.Ýurdumyzda edara- kärhanalary sanlaşdyrmak işleri bu günki gün ýurt babatynda alnyp abrylmagy bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmagy göz öňünde tutulmagy bolsa,sanly ykdysadyýetiň ösüş derejelerinde her günki täzelikleri kesgitleýär.

Ylmyň-bilimiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu amal edilýän işleriň arasynda Türkmenistanda sanly bank ulgamynyň ösdürilýändigini aýtmak bolar.Sanly ykdysadyýetiň ösüşlerinden ugur alýan innowasiýon merkezleriň döredilmegi, şol merkezlerde edilýän işler, türkmen ýaşlarynyň oýlap tapýan täzelikleri bolsa, bu günki gün halkymyzyň başyny göge ýetirýär. Bank ulgamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, bu ulgamyň yzygiderli kämilleşmegine gündelik ösüşleri bolsa şeýle mmükinçilikleri özünde saklaýar.

Ýurdumyz halkara internet toruna giňden aralaşyp, sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerinden ýerlikli hem-de netijeli peýdalanylmaga giň gerim berildi. Ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar, guramalar hem-de hususy telekeçiler özleriniň ýörite web-saýtlaryny döredip, maglumat toruna işjeň goşulýarlar. Iň esasy ugurlar boýunça edilýän işleriň netijeliligini görkezmek bilen halkymyzyň ýaşaýyş- şertlerini hem- de ruhy dünýäsini aýap saklamak hem- de döwrebap ösüşler bilen alyp gitmek meseleleri örboýuna galýar. Bu hem ähli ugurlardaky işleriň netijeli we çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Kagyz dolanyşygy aradan aýrylyp, elektron dolanyşyk arkaly işleriň göwnejaý hem-de talabalaýyk derejede çalt depginlerde durmuşa ornaşmagyna ähli şertler döredilýär.

Munuň özi ykdysady tygşytlylyk bilen bir hatarda edilýän işlere goltgy bolýar. Bir hatarda halkara arenalaryna çykmak, ýurdumyzyň durmuş- ykdysady üpjünçiligini ýola goýmak ählihalk baglanşygy bilen halkara gatnaşykalrynyň üstünlikli taraplaryny hem saýlamak bu günki gün gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy, tehnologik ösüş, giň medeni gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Medeni gatnaşyklara aýratyn üns berilmesi bolsa, bu günki gün ýurt ähmiýetli işleriň iň ajaýyp göreldeli ýola goýulmagy bilen baglydygyny subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň arhitektura aýratynlygy we olaryň ýaşaýyş jaý şertleriniň gapdlay bilen söwda nokatlarynyň hem gurulmagy bu günki gün ýurdumyzda hereket edýän müňlerçe söwda nokatlarynyň söwda- ykdysady ulgamyň sanawynda ösýändigini hem-de halkymyzyň bol- elin ýaşaýşyny üpjün edýändigniň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşlary gelejegiň ösen ykdysady üpjünçiliginiň, halkymyzy bol- elin ýaşatmagyň düzgünlerine itermek maksady bilen geçiurilýän bu işler bilen bir hatarda halkara arenalaryna çykmak, ýurdumyzyň söwda – ykdysady üpjünçiligini ýola goýmak ählihalk baglanşygy bilen halkara ykdysady we serişde kuwwatynyň peýdalanylmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy, tehnologik ösüş, giň medeni gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Medeni gatnaşyklara aýratyn üns berilmesi bolsa, bu günki gün ýurt ähmiýetli işleriň iň ajaýyp göreldeli ýola goýulmagy bilen baglydygyny subut edýär.Bedew bady bilen ynamly öňe barýan türkmen halky, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly umyt bilen garaýar.

Bize şeýle zamany peşgeş beren Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Rozagül Ýagşymyradowa
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň
Söwda- Kooperatiw mekdebiniň
Söwdanyň tehnologiýasynyň 2-nji derejeli mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2023 06 30 649e344906c60691598529 960x432 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäheri – gözellik mekany

magtymguly pyragy aydym saz sungatynda atly sohbetdeslik 2bgccdslml THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmene mahsus milli gylyk-häsiýetler we olaryň aýratynlyklary

Soňkylar Makalalar

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

16.01.2025
Pyrtykalyň efir ýagy, tebigy we saglyk üçin peýdaly maddalaryň baý çeşmesi bolup, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bu ýagyň birnäçe peýdaly taraplary bar: Pyrtykalyň efir

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025
Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025
        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025
     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz
GitTop