Ozaly bilen, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň wekiliýetiniň adyndan şu günki duşuşyga gatnaşyjylary gutlamak isleýärin.
Şeýle hem häzirki döwrüň wajyp halkara meselelerini parlament diplomatiýasynyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki çözgütleri kabul etmek üçin ýokary derejedäki çäreleriň guralmagyna döredilýän şertler hem-de mümkinçilikler üçin Merkez Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň döwlet ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin.
Şu günki duşuşygyň gün tertibine girizilen mesele hemme wagtdakysyndan hem wajyp bolup durýar. Şoňa görä-de, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi durnukly ösüşde we döwletleriň hem-de sebitleriň gülläp ösmeginde möhüm orny eýeleýär..
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitiň hyzmatdaş ýurtlary we sebit hem-de halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Geçen ýyl Seulda geçirilen duşuşyk hyzmatdaşlygyň geljekki netijeli ugurlarynyň birnäçesini kesgitledi. Meselem, Gazagystanda Sanly kodeks işlenip taýýarlanylýar. Bu Kodeks sanly tehnologiýalary, şol sanda emeli aň-paýhas tehnologiýalaryna täze çemeleşmeleri düzgünleşdirmäge, raýatlar we işewürlik üçin howpsuz we amatly gurşawy döretmäge mümkinçilik berer. Şu ýerde Türkmenistanyň smart citi konsepsiýasy esasynda gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň tejribesini belläp geçmek isleýärin. Gazagystanda hem şunuň ýaly Alatau City taslamasy durmuşa geçirilýär, ol ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
2026-njy ýylda Gazagystanda BMG-niň howandarlygynda klimat boýunça sebit sammitiniň geçirilmegi wajyp mesele bolup durýar. Häzirki wagtda Majilisde Suw kodeksiniň täze taslamasyna seredilýär. Bu Kodeks Gazagystanda suw serişdelerini dolandyrmaga täze çemeleşmeleri göz öňünde tutýar.