Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyz hakda edýän aladalaryndan ugur alyp, Tehnologiýa we başga işewürlik prosesleri boýunça dürli işleri alyp barmak hem häzirki wagtda tehnologiýalaşdyrylan zamanda däbe öwrüldi.
Aşgabadyň giň gujagy ala- ýaz, aýdym – saz, bu bolsa, bagtyýar halkymyzyň ruhy galkynyşynyň dowamydyr. Ösüşlerinde nebit- gaz ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek, ol ulgamdaky hünärmenler dünýäniň halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bäsleşýärler.
Hoşniýetli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar bolmagy kuwwatly gelejegi ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň uly şahasyny döredýän ulag- logistik halka bolsa, dünýäniň Hazarýaka döwletleri bilen has uly baglanşygy saklaýar. Ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi dünýä ykdysadyýetine aralaşmagyň üstünlikli çözgütlerine barýan ýollardaň biridir.Ulag – logistik aragatnaşyklaryň üstünlikli çözgütlerinden ugur alyp, diýarymyzyň ösmegi, halk bähbitli edilýän işlere uly badalgadyr. Türkmenistanyň söwda-ykdysady, energetika we ulag- aragatnaşyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary hem-de teklipleri ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda logistik hyzmatlary ýola goýmagyň üstünlikli ädimleri bu günki gün halkymyzyň bolçulykda ýaşamagy bilen düşündirilýär. Ýurdumyz bu ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, birnäçe iri halkara we sebit derejesindäki taslamalaryň başyny başlamagy dünýä arenasynda onuň abraýynyň ýokarydygy bilen düşündirilýär.
Ýurdumyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzda her ýyl geçirilýän baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan nebit we gaz ulgamynyň işgärleri hem beýleki ulgamlaryňkydan beýlede oturanoklar, işjanly, erjel. Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär. Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär. Aşgabat gök tokaýlygyň mekany, Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda gözelligiň simwoly hökmünde öňe çykýan ajaýyp paýtagt şäheridir.Şäherimiziň we ýurdumyzyň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aziýanyň hem- de dünýäniň gözünde ak merere beslenen ak şäher ykdysady – indistruil bir mekana öwrüldi. Munuň özi bolsa, buýsandyryjydyr.Ösüşleriň tehnologiýa geçmegi bilen bilrikde tebigy baýlyklary gorap saklamak işlerine hem uly üns berilýär.
Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Nebit –gaz ulgamynda alnyp abrylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite dersler hem peýda bolýar. Nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goltgy boldy. Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp, Diýarymyz beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem buýsandyrýar hem- de işimize söýgümizi artdyrýar. Ösüşlerden ösüşlere beslenýän ajaýyp diýarymyzda bolsa, bu ugurdan zähmet çekýän ynsanlar has-da abraý biziň durmuşymyzy tehnologiýalaryň gurşap alandygyny aňladýar.Häzirki zaman kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi. Taslama taslamalarynyň daşky gurşaw we energiýa pudagyndaky häzirki amala bu günki gün has-da ýoň hala geldi.Kompýuter tehnologiýalaryndan okatmak, ol ugur boýunça ýörite dersleri ugrukdyrmak hem ilkinji üstünliklere ýetirdi.Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goltgy boldy.Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklara sarpa goýmak endikleri türkmen halkynyň ganynda bar. Munuň özi körpe nesillerimize hem ýaşlara hem uly nesliň görelde görkezmesi hem-de gelejekde gatnaşykalaryň belent nusgasyny görkezmekde uly görelde mekdebi bolmaga mümkinçilikler döredýär.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldeli mekdebinden ruhlanyp, ýol ýörelge baýdak edinen Arkadagly Serdarymyz hem-de ýurdumyzyň ýaşlary hem bu günlerki günde ýurdumyzyň gelejegini ýokary götermekde alyp barýan işlerine köp sag bolsunymyzy aýdýarys.
Tawus SÄHETMYRADOWA
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
Agronomçylyk bölüminiň müdiri