Dark
Light
03.01.2026
59fed6b5 db47 46fd b247 1f8b959dc939 THE ASHGABAT TIMES

Il aladasy

22.10.2024

Ýurdumyzda däp- dessurlara sarpa goýmak, parahatçylyk baýdagynyň astynda ýaşaýan halkymyzyň esasy durmuş keşbine öwrülmegi Türkmenistanyň dostana gatnaşyklarda ilkinjileriniň biridigini alamatlandyrýar. Halkymyzyň asyrlar boýy arzuw eden Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen parahatsöýüji döwlet gurmagy Garaşsyzlygyň miwesidir. Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan däbe öwrülen üstünlikli gadamlar bilen ýurdumyzda raýatlaryň howpsyzlygyny gazanmak ugrunda edilýän işleriň netijesidir. Döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrüniň rahatlygyny, saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek üçin biziň her birimiz öz elimziden gelenini gaýgyrmaly däldiris. Ýol geçelgelerinde körpeleriň hem- de mekdep okuwçylarynyň howpsyzlygyny gazanmakda edilýän işleriň sanardan köplügini üpjün etmek düzgünleri diýseň ýokary derejeli geçirilmegi her bir ugurda üstünliklere beslenýär. Hut şol sebäpden hem, biraýlygyň çägindäki çäreleriň diýseň baý mazmuna eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde giň seslenme tapýandygy buýsandyrýar. Bu babatynda ýörite düzülen meýilnamalar esasynda geçirilýän wagyz- nesihat duşuşyklarynda hem aýdyň beýanyny tapýandygy düşnüklidir. Bu aladalar elbetde raýatlar üçindir. Raýatlarymyzyň, ýaş nesilleriň rahatlygyny goramak boýunça edilýän işler halk bähbitli işleriň mysalydyr. Wagyz-nesihat geçirilmegi hem raýatlar üçin edilýän aladalaryň mysalyndadyr.

Elbetde halk üçin döredilýän mmükinçilikler bu günki gün has wajyp öňe çykýar. Ak mermere bürenen paýtagtymyzyň, gözel diýarymyzyň şaýollarynda hereketiň howpsuzlygyny gazanmak her birimiz üçin wajypdyr. Ýerasty, ýerüsti geçelgelerden peýdalanyp, sag- aman her gün işe, okuwa gidip gelip, bala- çagalary bilen bagtyýar durmuşda ýaşamak her bir raýatyň arzuwydyr, islegidir. Taryhyň dowamynda tölegsiz hödürlenmeginiň sebäbi has çalt we birnäçe meşhur markalar tarapyndan ulanylmagy sebäplidir. Täze döwrüň ýaňy bolan innowasiýon ösüşleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ýokary derejede ösdürmegiň täze usullaryna laýyk gelýän innowasiýalary ulanmakda halkymyz barada edýän aladasy dur. Halkymyz bu gün bagtyýar durmuşy saglaýar. Halkymyzyň asyrlar boýy şu günki güne getiren innowasiýon ösüşler bilen birlikde milli däp- dessurlarynyň utgaşmasy, häzirki zaman arhitekturasynda milliligimiziň şöhlelenmesi bolsa, bu günki gün ýurdumyzda edilýän işleriň has- da geriminiň giňeýändigini aňladýar. Türkmen tebigatyna ideg etmek üçin, has- da örän seýrek duş gelýän haýwanlary goramak dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýelemegi bolsa, halkara ähmiýetli işlerde döwletimiziň kuwwatlydygyny ýene bir gezek subut edýär. Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramak we beýleki möhüm meseleler bilen baglanyşyklydyr.

Edara- kärhanalaryň sanlaşmagy bolsa halk üçin döredilýän şertleriň naýbaşylaryna mysal hökmünde aýdylmaga mynasypdyr.Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmeginde merkezleşen köp işler logistik dünýägaraýyş bilen ösýär we häzirki döwürde dünýäniň çar künjünden habar almaga, tiz işlemäge rahatlygy, ýol düzgünlerini bozmazlykda edilýän işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa, bu günki gün Berakarar döwletimiziň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe has wajypdyr. Halkymyzyň ulanylyşy üçin ajaýyp ýollaryň , ýerasty, ýerüsti piýada geçelgeleriň gurulmagy hem bu günki gün türkmen halkynyň ýaşaýyş şertleriniň ajaýyp bir netijesi hökmünde garamak bolar. Ýaşlarynyň arasynda wagyz- nesihat işleriniň geçirilmegi üznüksiz amala aşyrylmagy bu diňe halk bähbitli edilýän işleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ilatyň sagdyn ýaşaýyşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň biri bolan bu ajaýyp däp bu günki gün has-da ýaýbaňlanýar.Şeýlelikde ata – babalarymyzyň medeniýetimiziň bahasynyň gymmatyny bilmegini ilkinji nobatda türkmen halkynyň az sözliligi bilen hem subut etmek mümkin.Halkyň durmuşynda dilimiziň, medeniýetimiziň üstünlikli amal edilmegi diňe Garaşsyzlygyň hem- de Bitaraplygyň beren oňyn netijesidir. Her bir halk öz aň – düşünjesinde taryhyny goramak we geçmişiniň daşyna gyzylly jähek çekmek arzuwy bilen nesillerini ýetişdirýär.

Ine,şol ylym hem dil ylymy, dil ylymyny esaslandyrýan hem gelip çykyş, arhiologiýa, nazarýet şahalary diňe alymlar üçin däl – de eýsem öz taryhy bilen gyzyklanan her bir taryhçynyň – da ýazyjynyň- da, döredijiniň- de medeniýet işgäriniň – de işidir. Aslynyň juda aňyrlardan sesýetim we ýaň berýän gadym dil bolan türkmen diliniň ýaş aýratynlygynyň adam geni boýunça juda gadymydygyny biz diňe bir gündogaryň alymlaryny buýsandyrýar.Öz ene diline eýe bolanhalkyň guwanjy çäksizdir.Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan  döwletimiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, ruhubelent, sagdyn, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekde ähli şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz bu günki günlerimizde, baýramçylygyň golaýlaýan günlerinde has- da dabaraly geçiriljek baýramçylygy üstünlikli alyp barmaga mümkinçilik döredip berýär.

Şyhmyrat ŞERIPOW
Türkmen Döwlet Binagärlik we Gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asgabat 5m4odhwpqv THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sungatyň ojagy

b15ce8830c917c5093a110868a5290153021c988 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Xiaomi 15 seriýasynyň çykarylyş möhletleri Qualcomm Snapdragon 8 Elite tanyşdyrylyşynda açyldy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop