Dark
Light
26.01.2026
pnyqm8kh7w84giowxkpnfutheyllavees1pftowp scaled THE ASHGABAT TIMES

Ismoilow Nuriddin Muýdinhanowiç – Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy palatasynyň Başlygy

14.10.2024

Ozaly bilen, türkmen doganlarymyzyň myhmansöýerligi we ajaýyp Aşgabat şäherinde şu günki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi üçin kärdeşlerimiziň bildirýän minnetdarlygyna goşulýandygymy aýtmak isleýärin.

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan halkara forum geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary hem gatnaşdylar. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydyklaryna şaýatlyk edýär.

         Seulda geçirilen ilkinji duşuşyk we şu günki forum biziň ýurtlarymyzyň hoşniýetli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine açyk dialogyň üstünlikli dowam etdirilmegine we anyk netijeleriň gazanylmagyna isleg bildirýändiklerini görkezýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň, söwdanyň, maýa goýum işjeňliginiň,  içki sebit syýahatçylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy biziň ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň durnukly ösýändiginiň subutnamasydyr. 

Biz, parlamentariler sebitiň ýurtlarynyň Koreýa Respublikasy bilen hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam etmelidiris. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwletleriň arasynda ynanyşmagyň berkidilmeginde parlament diplomatiýasy möhüm orna eýedir.

Biz Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginde hem çuňňur manyny, umumadamzat ähmiýetliligi görýäris.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýän şu günki ikinji duşuşygynyň hem biziň ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna parlament ýardamyny berjekdigine şübhe bolup bilmez.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zvpksimpxvlrspjmb38ok37y3hiiwfczaifef0ud THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň Başlygy E.Ž.Koşanow:

uode5mo8jxe8xxqwc6dyyvntxsojhaspqyjkj5dw THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majilisiniň Nамaýandogan Majilisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop