Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Kuwwatly Watan

19.10.2024

Sanlaşdyrylan täze, kuwwatly buraw desgalarynyň ulanylmagy, guýularyň birnäçesiniň ýüze çykarylmagy bilen sanly tehnologiýalar arkaly ony önümçilige goýbermek işleri bolsa, bu ulgamda öz esasy ugruny tapýar. Sanly ykdysadyýetiň ugurlary nebit we gaz ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň döredijilikli işlemegine öz täsirini ýetirýär. Peýdaly taraplaryna ser salanyňda ykdysady ölçegleriň mümkinçiliklerine her bir adamyň häzirki döwürde dogry düşünmegini gazanmagy biziň zamanamyzyň esasy meselesine öwrüldi.Sowatly ýaşlary, döwrebap sanly dünýäniň üsti bilen durmuşda ornuňy gazanmak isleýän ýaşlaryň bu günki gün durmuş ýörelgesidir.Ýaşlary bolsa, sanly bilim dünýäsiniň ugry bilen kämilleşdirmek esasy wezipelerimiziň biridir.

Häzirki döwürde tehnologiýalaryň orny hakda hem- de dünýäniň tejribesindäki işleri ulanmaga mümkinçilik bar. Täze döwrümiziň sahnalaryna, edebiýat neşirlerine, kino dünýäsine täze eserler gerek. Şol eserlerde täzeçe nazar bilen taryha ser salmak üçin hökman millilik bilen dünýäň gazananlaryny hem aralaşdyryp, döredijilik etmek döredijilik ynsanlarynyň paýyna düşýär. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sany- sajagy ýok. Häzirki zaman tehnologiýalar äleminde täzelikleriň bolmagy bolsa, ykdysady ugurlarda hem-de beýleki ugurlarda mümkinçilikleri açýar.Türkmenistan diýarymyzda hem sanly ulgam babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Dünýäde bar bolan täze üstünlikler bilen bir hatarda türkmen diýarynda sanly ulgam boýunça ösüşler gazanylýar. Biz hem bu ugurda janymyzy aýaman zähmet çekýäris.

Türkmen halkynyň ýaşaýşyny öňküsinden hem gowulandyrmak hem-de halkyň ösen islegini kanagatlandyrmak bilen birlikde, birnäçe işler alnyp barylýar. Halk üçin elýeterli bolan töleg görnüşlerini hem ýurdumyzyň döwlet banklary bilen işgärleriniň döreden sanly ulgam boýunça işleri häzirki wagtda eziz diýarymyzda edara- kärhanalara ornaşdyrylmak bilen , gündelik durmuşda gabat gelýän , birnäçe işgäriň etmeli işini sanly ulgam arkaly ýerine ýetirýän proigramma üpjünçilikleirni hem ýola goýýarys. Häzirki zaman ösen töleg hyzmatlarynyň içinde bolsa, bu töleg hyzmaty halk bähbitli işlerde öz goşandyny goşar.Smortfon arkaly töleg ýörüte töleg terminallarynyň üsti bilen amala aşyrylýar hem-de häzirki günlerde ýurdumyzda sanlaşdyrylan edara, kärhanalaryň işinden başga-da raýatlarymyza hem elýeterli bolmagy üçin ösen islegleri tizara kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň töleg hyzmatlary usuly dünýä sanly ulgamynda döwrebap tehnologiýalar esasynda ýola goýlan işleriň biri hem döwrebap tölegleriň içinde smortfon arkaly töleg etmek hem-de şol töleglerde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň internet tölegi arkaly amala aşyrylmasyny, sanly ulgam arkaly birnäçe işleriň ýurdumyzda sanly ulgama geçirmek, täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatly, Häzirki zaman ösen töleg hyzmatlarynyň içinde bolsa, bu töleg hyzmaty halk bähbitli işlerde öz goşandyny goşar.Smortfon arkaly töleg ýörüte töleg terminallarynyň üsti bilen amala aşyrylýar hem-de häzirki günlerde ýurdumyzda sanlaşdyrylan edara, kärhanalaryň işinden başga-da raýatlarymyza hem elýeterli bolmagy üçin biziň kärhanamyz netijeli işler görkezmek üçin elinden geleni edýär. Häzirki günlerde döwrebap sanlaşdyrmalar arkaly bank terminnarynyň smartfonlara geçmesi biziň töleg arkaly işlerimiziň öňküden hem ýeňilleşmesine getirjekdigi ikiuçsyzdyr. Olaryň biri hem iň täze çykan smortfon arkaly töleglerdir.Biziň ýurdumyzda sanly ulgamy has düýpli ýola goýmak üçin uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady derejesine täsir edýän sanly ulgama geçen edaradyr , kärhanalaryň işlerini ýola goýmakda bu ýokary netijeleri görkezýän usul, ulgamyň ähmiýeti ýokarydyr.Ýagny sanly ulgam biziň ýurdumyzda ornaşdyrylmak bilen has täsirli işleriň ýola goýulmagy, halk bähbitli zatlaryň ýola goýulmagy ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.Sanly ykdysadyýet adamyň gündelik harytlary sarp etmeginde we olara zerurlyklary düşündirmekde işler alyp barýar.Edara kärhanalaryň resminamalarynyň sanly ulgama geçmegi nähili ýeňillikleri we oňaýlylyklary durmuşa geçirendigi bu günki gün halk bähbitli işleri agzanyňda munuň hakykatdan hem şeýledigine göz ýetirýärsiň. Bu günki gün ýurdumyzda kiçi telekeçiligi ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň alnyp barýan işlere badalga bermeginde sanly hyzmatlarynyň ähmiýeti ýokarydyr.Sanly ulgam täze gapylar, ýagny ýurdumyzda sanly ulgam arkaly edilýän işleriň täzeçe görnüşlerini ýüze çykarmakda uly işler ýola goýulýar.Gelejekde ediljek işlere hem halk bähbitli çözgütlere hem sanly ulgam bilen bagly bolan zatlar munuň şeýledigini subut etdi.

Güljan Ataýewa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

jobs THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ösüş ugurly hünärler

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gadymy grek edebiýatynyň hazynasy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop