Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Maýa goýumlar

22.10.2024

Maýa goýumlar baradaky düýpli düşünjeler “Türkmenistanda maýa goýmak işi hakynda” Türkmenistanyñ kanunynda dolulygyna beýan edilýär. Şeýlelikde,  girdeji almak ýa-da durmuş taýdan peýda gazanmak maksady bilen başy tutulýan telekeçilik we beýleki işlere gönükdirilýän emläk we paýhas gymmatlyklarynyñ ähli görnüşi maýa goýumlara degişlidir. Soñra “gymmatlyklar” düşünjesi has giňişleýin beýan edilýär, ýagny olara şu aşakdakylar degişlidir:

  • pul serişdeleri, maksatlaýyn bank goýumlary, paýlar, aksiýalar we beýleki gymmat kagyzlar;
  • gozgalýan we gozgalmaýan emläkler (binalar, desgalar,  enjamlar we beýleki maddy gymmatlyklar);
  • awtorlyk hukugyndan, “nou-hau”-dan, tejribeden gelip çykýan emläk bilen bagly hukuklar we beýleki paýhas gymmatlyklary;
  • ýeri we beýleki tebigy gorlary peýdalanmaga bolan hukuklar, şeýle-de beýleki emläk hukuklary;
  • beýleki gymmatlyklar.”

Maýa goýumlary- diýip, kärhanalaryň başga hojalyk subýektleriniň esaslyk maýasyna şeýle döwlet bahaly kagyzlaryna, paýdarlar jemgyýetine bahaly kagyzlaryna goýum goýulmagyna aýdylýar.

Maýa goýumlary dürli alamatlar boýunça toparlara bölünýärler. Maýa goýumlaryň eýeçiligiň görnüşi boýunça, möhleti boýunça,esaslyk maýasy bilen arabaglanşyk boýunça toparlara bölünýärler.

Esaslyk maýasyna arabaglanyşyk boýunça maýa goýumlary esaslyk maýasyny döretmek üçin karz alynan görnüşlere bölünýärler. Esaslyk maýasyny döretmek üçin goýumlara paýnamalar we başga kärhanalaryň esaslyk maýasyna gatnaşmak üçin goýulan goýumlar degişlidir.

Eýeçiligiň görnüşleri boýunça maýa goýumlar: hususy, döwlet, garyşyk, daşary ýurt, bilelikdäki toparlara bölünýär. Möhleti boýunça maýa goýumlar gysga möhletli (möhleti 1ýyla çenli) we uzak möhletli (möhleti 1 ýyldan köp) görnüşlere bölünýärler.

Tawus AŞYRDURDYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

603dc4a7bd2eb377122345 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ata Watanymyz kuwwatly energetika döwleti

201024 023 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop