Ösüşler ýurdy

31.10.2024

Ýurdumyzy ösdürmekde ýurdumyzda raýatlaryň rahat ýaşamagy, olaryň durmuşynyň öňküden has- da gözelleşmegi üçin edilýän işler öňküsinden has- da artýar. Bu ugurda söwda- ykdysady ulgamlarynda edilýän işler sanlaşmak bilen bir hatarda uludan – kiçä hemmeleriň üstünlikli gadamlar bilen güýz aýynda geçirilýän çäreleri gatnaşmagy biziň halkymyzyň agzybirliginiň nyşanydyr. Her gysym topragynda baýlyga eýe bu ýerlerde nebit ýataklarynyň we gaz känleriniň tapylmagy bolsa, has dogrusy täze zamannyň gözel goýnunda ýaşaýan halkymyz şaýat boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlaryda olarda gurulmagy göz öňünde tutulýan döwrebap ýaşandygyny elbetde biziň bilmeýänimiz ýok. Şeýlelikde dostana gatnaşyklar adamyň şahsyýetine uly jogapkärçilikli çemeleşmäge mümkinçilik döredýän bolsa,diýmek duýgy kämilligini öňe çykarmakda,adamyň ruhundaky bilim hazynalaryny açmakda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýüze çykarmakda edilýän işler biziň watanymyzyň ösüşine uly mümkinçilik döredýän bolsa,diýmek biz bu meselede öňdebaryjy bolmaga laýyk görülmelidiris. Jemgyýetde öz şahsy kämilligiňi gazanyp,öz durmuşyňy beýik dostluk bilen bezemek zerurlygy hemişe ynsana bagtly pursatlary peşgeş berer. Hut şol sebäpli hem hormatly arkadagymyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny göz öňüne tutup hem- de hemişe özümiziň şahsyýet bolmagymyza uly mümkinçilik döreder.Hemişe dost bolmak,dostuň bilen bile iş bitirmek, sapaklaryňa gowy gatnaşmak adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Dostuň bilen sport çäresine gatnaşmak, ilkinjiligi almak zerurlygy hemişe ynsan dünýäsinde uly orny eýeleýär.Hoşniýetli gatnaşyklaryň aňyrsynda beýik dostluk bar. Dünýäniň ösen döwletlerinde öz beýik dostlugyň bilen görelde bolmak, mähriban arkadagymyzyň dostlukly ýurtlar bilen dostana gatnaşyklaryndan görelde almak biz ýaşlaryň iň möhüm borçlarymyzyň biridir.

Ýurdumyzy, watanymyzy, halkymyzy, hormatly arkadagymyzy söýmek, ula- kiçä hormat goýmak, dostlukly gatnaşyklaryň iň wajybydyr. Döwrüň sesi bieln aýakdaş bolup, hormata mynasyp bolmagy gazanmak bu günki gün iň zerur zatlaryň biridir. Mundan başga- da talyp gyzlaryň dürli dillerde çykyş etmäge bolan mümkinçilikleri gözünüň garasy ỳaly görỳän, gyz-gelinlerini perilere meňzedỳän, gyỳa bakyp lagla dönỳän däli sillyi daglaryny we şol daglaryň gaỳalary bilen bäsleşỳän galkan döşli ỳigitlerini jany-teni we ỳüregi bilen söỳen.

Magtymguly hem zamanasynda şol agyr ýüki eginde çeken beýik şahsyýetleriň biridir.Çünki bu beýik dananyň halkyň dilini hem milli baýlygyny bir ýere jemläp,ony nesillere dowam goýmak üçin eden aladalaryna biz diňe halkyny hem milletini ýüreginden söýýän beýik şahsyýet hökmünde garap bileris. Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine döwletimiziň ýokary derejeli ösüşleri diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy. Häzirki wagtda desgalary dolandyrmak, gurmak we halk üçin, şeýle- de maksatly desgalary gurup ulanylmaga berilmegi Garaşszylyk ýylalry içinde ýurdumyzda gurluşga berlen ünsüň üstünlikli taraplaryny ýüze çykarýar. Häzriki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň bu görüm- göreldäni yzygiderli dowam edýändigini bolsa, ýurdumyza gelýän beýleki döwletleriň wekilleri subut edýär.Halkyň ruhy hazynasynyň kitapdygy hemmä mälim bolýandygy düşnüklidir. Türkmen halky hakda-da söz açylanda,ilki bilen Magtymguly göz öňüňe gelýär.Magtymgulynyñ halky her taraplaýyn goly taýýarlamak üçin öñe sürýän örän ähmiýetli hem ylmy garaýşy, güýç bilen siýasat,durmuş bilen tejribe arasyndaky gatnaşykdyr. Magtymgulynyň dünýä hakyndaky pelsepi oýlanmalaryna degişli şygyrlarynda-da görýäris.

Bu gymmatbaha eserleriň ölmez ýitmezligi ruhy dünýäleriň açaryny elinde saklaýanlygy bilen ölçelinýändir.Magtymgulynyň goşgularynda-da edil şeýle hadysa saklanýar. Topragyndan iň gymmat baýlyklar önýän Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar.

Bu ugurlaryň gün geldikçe ösmegi bolsa,gadymy ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän türkmen topragyna bolan gyzyklanmanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr Şahyr ýüregi halkyna daýanyp,onuň beýik ruhunda emele gelein beýik bir sütünden ruhlanyp elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr.Magtymgulynyň diliniň döremegi üçin ilki türkmeniň dili özbaşdaklygyny alyp,soňra heňňamyň sesine sesini goşan şahyryň diliniň döremeginiň gerekdigi beýik pelsepä gulluk edýän hakykatdy. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy hakynda söz açmak diýmek, türkmen halkynyň diliniň köpdürliliginden söz açmak diýmekdir. Gözellik , medeniýet bilen bir hatarda ykdysady meseleleri gözden salmak bolmaz, bu günki gün ösen ykdysady ýagdýalarypň biziň durmuşymyzyň her bir ädiminde özüni ýatlatýandygy belli. Çünki ykdysady aragatnaşyklaryň ýola goýulýan ýurdunda dostluk – bu adam durmuşyny bezeýän duýgy. Watansöýüji,il-halka peýdaly bolmagyny gazanmak gelejekde şahsyýet bolmagyň iň nurana keşbidir.

Her bir adamda dost näçe köp bolsa,şol adamyň dünýäsi ýokarda belleýşimiz ýaly juda rahatdyr. Dörediji ynsan dostlugyň beýik adamkärçiligini ýola goýmak zerurlygy şu günler ,häzirki dünýäniň ösüşleriniň has çalt derejede ösýän wagtynda has wajypdyr.

Ýasemin DURDYÝEWA
Türkmen Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:36 pm, Nov 6, 2024
temperature icon 8°C
небольшой проливной дождь
Humidity 61 %
Pressure 1033 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:37 am
Sunset Sunset: 6:02 pm
Öňki taryh

Bereketli  toprak

Next Story

Türkmenistanyň başlangyçlary halkara ykrarnama eýe bolýar

Soňkylar Makalalar

Özgeriş

05.11.2024
Sanly ykdysadyýet adamyň gündelik harytlary sarp etmeginde we olara zerurlyklary düşündirmekde işler alyp barýar. Edara kärhanalaryň resminamalarynyň sanly ulgama geçmegi nähili ýeňillikleri we oňaýlylyklary

Döwrebap döwüriň ýaňy

04.11.2024
Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmakda innowasiýalaryň täsirini görkezmäge mümkinçilik döredýär. Ykdysady bababatda hem edilýän işler nusgalykdyr. Türkmenistanda täze

Ýollaryň ýagtysy- Serdar ýoludyr

04.11.2024
Türkmen diýarymyzda her gün baýramçylyklar öz gözelligini hem-de dabarasyny saklap gelýär we noýabr aýynyň başy hem şatlykly, dabaraly günlere , baýramlara beslendi. Çünki sport

Beýik şahyr

04.11.2024
Türkmen edebiýatynyň wekili asyrlar boýy öwrenilse-de häzire çenli poeziýasy jedelli we gyzykly şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz guwanjydyr, buýsanjydyr. Her bir halkyň milli

Garaşsyzlygyň miwesi

04.11.2024
Dünýä edebiýatyna girmek üçin, onuň bir sahypasynda galmak, bir jümlesinde ýer almak hem- de dünýä derejesinde öz eliňdäki senediň wekili hökmünde tanalmak elbetde ol
GitTop