Dark
Light
26.01.2026
23092023 015 THE ASHGABAT TIMES

Pyragynyň toýun toýlap

09.10.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär. 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrda paýtagtymyzda dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň gatnaşmaklarynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlaýar. Bu bolsa dana şahyrymyzyň edebi mirasyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändigine esasdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň taryhynyň her bir ýyly dabaralara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Olaryň arasynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy toýlanylýan 2024-nji ýylyň aýratyn orny bardyr. Magtymguly Pyragynyň bakylygy türkmen halkynyň, berkarar döwletimiziň bakylygydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň sarpalanylmagy dünýädäki ähli gowulyklaryň, haýryň, parahatçylygyň, agzybirligiň, dostlugyň, ynsanperwerligiň sarpalanylmagydyr. 2024-nji ýylyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen adybir atlandyrylan gününden başlap, bütin türkmen halkynyň, bütin dünýäniň magtymgulysöýerleriniň kalby şygryýetiň parlak güneşiniň nuruna çoýuldy.

Ýurdumyzda şu ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Akyldar şahyryň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen goşgularynyň sowgatlyk ýygyndysy Magtymguly atamyzyň muşdaklaryna hakyky toý sowgady boldy. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

Yslamberdi ORAZMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragynyň filosofiki pikirleri

5c2f25935a77603dc44fa2eb4cf3a178 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda himiýa tehnologiýalarynyň geljegi

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop

Don't Miss