17102024 002 THE ASHGABAT TIMES

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

17.10.2024

17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklaryň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegini munuňaýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu gezekki döredijilik çäresi bolsa iki döwletiň taryhy we ruhy gymmatlyklary umumy bolan halklarymyzyň dostlugyny berkitmegi, köptaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Düýn Mukamlar köşgünde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň konserti üstünlikli geçirildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde türkmenistanlylar Russiýanyň amaly-haşam sungaty eserleriniň we fotosuratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň aýdymçysy, pianinoçy, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV halkara bäsleşigiň ýeňijisi Dmitriý Masleýew ussatlyk sapagyny geçdi. Mukamlar köşgünde «Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap» atly nusgawy saz konserti geçirildi. Dmitriý Masleýewiň ýerine ýetirmeginde P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleri ýaňlandy. Şeýle hem bu ýerde «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň solistleri Türkmenistanyň tans toparlary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler. Myhmanlar halk sahna horeografiýasynyň aýratynlyklary, gadymy adygeý tanslarynyň usulyýeti, gyzykly mowzuklar bilen baýlaşdyrylan tans-spektakllary barada gürrüň berdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
57294t 2x THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Ruhlaryň ýygnanjysy” filminiň režiýorynyň täze gorkunç “Maýmyn” filminden senzurasyz wideo

oig2.r7pbkaimtaetcfdhwsww THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen binagärçiliginiň taryhy

Soňkylar Habar

Культурный челлендж от Посольства Туркменистана в Бельгии: мир и доверие в каждом слове

31.01.2025
В честь празднования 2025 года, объявленного Международным годом мира и доверия, а также знаменательного 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана, Посольство Туркменистана в Бельгии организовало уникальную
GitTop