Ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklaryňdyr, maslahatlaryň, forumlaryňdyr, bäsleşikleriň sanawy bu ýylyň güýz aýlarynda has-da ýokary derejede ösdi. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýoly bilen öňe gadam urýan türkmen halkymyzyň bu gün başy göge ýetdi. Çünki ajaýyp binalarda işläp, okap, zähmet çekýän raýatlarymyzyň saglyklarynyň has wajyplygy biziň ýurdumyzda “Döwlet – adam üçindir” atly şygary baş ýörelge edinmegimiz bilen bagly mümkinçilikleriň çägini giňeltdi.
Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk hakdaky ýolýörelgesi halkymyzyň sgalygy ugrunda göreşýän diýarymyzda edilýän işleriň baş maksadyny düzýändir. Bu günki gün türkmen raýatlarynyň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly zähmet çekip, nesil terbiýelemekleri üçin döredilýän mümkinçilikleri biz öz ugrumyz boýunça hem görýäris we bu biziň gelejegimizi nazarlaýan işlerde tejribe toplamagymyza mümkinçilik döredýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe saglyk , bilim we sport ugrunda edilýän işler bolsa, bu zatlaryň şeýlediginiň subutnamasydyr.Saglyk işgärleriniň güni mynasybýetli ýurdumyzyň paýtgaty bolan Aşgabat şäherinde Halkara ylmy- kliniki fiziologiýa we öňüni alyş merkeziniň gurulyp, halka ulanylmaga berilmegi bolsa, halkymyzyň başyny göge ýetirdi.
Şeýle- de Aşgabatda saglyk , bilim we sport ugry boýunça serginiň açylmagy bu ýolýörelgede Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli nazarynyň bardygyny subut etdi. Munuň özi gelejekde ediljek işleriň hem ýene – de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda edilýän işleriň derejesiniň has ýokarlanýandygyny subut edýär. Saglyk, lukmançylyk, bilim boýunça ýurdumyzda mndan öň hem birnäçe sagaldyş merkezleriniň açylmagy hem-de ylmy- barlag boýunça birnäçe merkezleriň işläp, halkyň saglygyna gözegçilik etmekde edilýän işleriň mümkinçilikleriniň giňeýändigini ýene bir gezek subut etdi.Jemgyýetiň sagdyn adamsy bolmak bilen adam öz hukugyny, borjuny, erkini , abraýyny hem – de öz işinde we maşgalasynda döwrebap düzgün tertibi ýola goýup, öz erkiniň esasy “ganat ýaýan” giňişligi bolan işinde we maşgalasynda nusga bolup biler.
“Maşgala kiçijik jemgyýet” diýýärler. Şeýle jemgyýeti düzýän basgançaklara öz erkli adamyň eýe bolmagy zerurdyr. Şol zerurlygam adamdan ilkinji nobatda sagdyn bedenli bolmagy aňladýar. Şeýle ýagdaýda çilimkeşligiň erksizlikdigine, eger- de tötänden çilim öwrenen adam bolsa – da şonuň hem özüne erk edip bilmän, ruhunyň öňünde ýüzigara bolýandygyna düşüneniňde her bir adama öz – özünden düşnükli boljak zyýanly endigiň täsiri hakda oýlanmak wajyp bolup durýar. Ynsanlaryň saglygyny gorap saklamakda edilýän işleriň hem ýokarydygy bizi buýsandyrýar. Halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda türkmen lukmanlarynyň edýän işleri ýokarydyr. Adam öz erki bilen akyl- huşuny, wagtyny dogry ulananynda, ol mydama bagtly ýaşamaga mümkinçilik tapar. Bagtly ýaşamagyň syry bolsa, ruhuňy hem-de bedeniňi sagdyn saklamakdadyr.
Gahryman Arkadgymyzyň tagallary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sportuna we bedenterbiýe baradaky geçirilýän ylmy – amaly hem – de tejribeçilik boýunça ýurumyzda sport dünýäsiniň giňişliklerini has – da ýokarlandyrmakda, şeýlelikde dünýä tejribeleri bilen birlikde türkmen sportynyň ýokary göterilmeginde açylýan ýollar barha gerimini giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Saglygyň , sportyň hem-de bilimiň bar ýerinde elbetde ösüş hem bar, ýokary göteriliş hem bar. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň aladasy bilen ýaşaýar we Hormatly Prezidentimiz bolsa bu ugur boýunça ýoly dowam edip halkyň sagdyn ýaşaýşyny ýola goýmakda bilimli we kämil ýaşlary ýetişdirmekde uly işler alyp barýar.
Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli olimpiýa görnüşleri 3 D seljeriji enjam, türgenleriň ýüklenmede we rahat ýagdaýynda kislorody we kömürturşy gazyny ölçeýän K -5 enjamy, dag şertlerini döredýän otaglaryň bolmagy halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda netijeli çykyş etjek türgenleri taýýarlamakda ýokary mümkinçilikleri döredýär. Türgenleriň türgenleşik bedenlerini dikeltmek üçin dikeldiş otaglarynyň bolmagy ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda uly ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz çalyşýarys. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar.Dünýä derejesinde gurulan Olimpiýa şäherimiz bilen bilelikde täze binalar toplumlarynda sport ugry boýunça ýörüteleşdirilen ýerleriň açylmagy hem bizi bu günki gün binalary baş maksatlaryň amala aşmagyna mümkinçilik döredýär.
Sport ugry boýunça ýurdumyzda geçiriljek üstünlikli hokkeý oýunlarynyň ýaryşyna gatnaşmak hem-de ol ýerde üstünlikli çykyş etmek üçin taýýarlanýan sport türgenlerimiziň uly netijeleri gazanjakdyklaryna häzirden buýsanç bilen garaşmak biziň diýarymyzyň dünýä boýunça abraýly sport türgenlerini ýetişdirendiginiň ullakan subutnamasy bolar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz üçin okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp bolup ýetişmek üçin çalyşýarys.
Bu günki gün ýurdumyzda geçirilýän halkara sammit hem sagdynlygyň, parahatçylygyň hem-de sport dünýäsiniň görelde hökmünde ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryna ýüzlenilmegi esasynda häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen bir hatarda ýokarda agzalan ugurlar boýunça iň esasy wezipämiziň halkyň saglygyny goramak hem-de halk bähbitli işleriň ýola goýulýan ýeri bolan türkmen diýarynda geçirilýän halkara çärelerde halkyň bähbidiniň öňe tutulmasynyň wajyplygyna düşünmegimiz bizi hökmünde buýsandyrýar. “Saglyk, bilim we sport Berkarar döwrümiziň Täze eýýäminiň galkynyşy döwründe” atly serginiň açylmagy we onuň birnäçe gün dowam etmegi ýaşlara dünýä giň nazar bilen bakýan lukmançylyk ylmynyň halkara derejesindäki gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Kakamyradowa Jennet Kakamyradowna
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti