Dark
Light
03.01.2026
salamla 1 THE ASHGABAT TIMES

Salamlaşmak edebiniň şertleri

22.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde gadymy hem müdimi däp-dessurlarymyza  giň ýol açyldy. Hiç wagt öz gymmatyny gaçyrmajak, durmuş ýörelgesinden aýrylmajak däpleriň biri hem salamlaşmakdyr. Bu däp gadymy döwürde nähili bolduka? Salamlaşmagyň edebi nähilikä?

Gadymy döwürlerde adamlar bir-birleri bilen hereketleriň, yşaratlaryň üsti bilen salamlaşypdyrlar. Gadymyýetde kiçi ýaşly çagalar uly ýaşlylara salam berenlerinde, hormat bilen baş egipdirler. Hindilerde bolsa salamlaşylanda, ellerini iki aýasyna bir-biriniň üstünde goýup, soňra hem maňlaýynyň deňine ýetiripdirler. Döwlet dilimiz bolan türkmen dilinde ulanylýan “Salam” sözi birek-birege bolan hormatyň, sarpanyň nyşanydyr. Sözüň gelip çykyşy arap dilindäki “Selime” sözi bilen baglanşyklydyr. Erkek kişiler “Essalawmaleýkim” diýip ýüzlenende aýal maşgalalar “Salamälik” diýseler dogry hasaplanýar.

“Essalawmaleýkim” arap sözi bolup, “Size saglyk, parahatlyk isleýän” diýmegi aňladýar. Her bir edepli-ekramly ynsan salam bermegiň we almagyň kadalaryny dogry dürs berjaý etmäge çalyşmalydyr, şeýle-de onuň mukaddes borçdugyna düşünmelidir. Çünki edebiň başy salamdyr. Pederlerimiz “Salamsyz söze başlan adamyň ýüzüne köz degsin” diýer ekenler. Bu kadalary bozýan adamlary ýazyjy-şahyrlarymyz öz goşgy bentlerinde ýazgarýalar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň:

Salam hem modadan çykýar diýdiňmi?
Hawa, köpelipdir ses-üýnsüz salam.
Eliňi ýetir-de gulagyň ýanna,
Arkaýyn geçiber.
Tamam.
Wessalam.

Tanşyňmy, dostuňmy, goňşyňmy kimmi-
Hökmanmyşmy ýanna dykylyp barmak!
Biperwaý kelläni çalaja silk-de,
Geçiber. Geplemek nämäňe gerek.

Ýaşaýarkak tygşytlylyk döwründe,
Her tygşytlan sözüň-bir döwüm çörek…

“Salam!” diýmek-parahatlyk dilemek.
Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman.
Arada Pöwrize daglarna çykyp,
Üç gezek gygyrdym: “Salam! Salam! Salam!”

Näçe salam bersem, şonça-da gezek
“Salam!” diýip, jogap gaýtardy daşlar.
Görýän weli, biziň käbirimizden
Şol daşlaram asyllyrak ýoldaşlar!…

— diýen setirler aýdylanlara mysalydyr. Milli däplerimize laýyklykda, kiçi ýaşly adam özünden ula ilki salam bermelidir we uly ýaşly adama elini ilki uzatmalydyr. Türkmen halkynda salamlaşmak däbi bilen baglanşykly “Salamlylyk duşmanyny dost eýlär”, “Ýedi ädimden bir salam”, “Ilki — salam, soň — kelam” (kelam – söz, sözleşmek, gürleşmek diýen manysy bar) ýaly parasatly jümleler bar.
Salam [sala:m] – arap dilinden geçen bu söz «salamatlyk, asudalyk, rahatlyk» ýaly manylary aňladýar.
Es-Selam adamlara bagtyýarlyk arzuw edip, salam berýän diýmekdir.

Bossanjemal HYDYROWA
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

04627bd861cfb6df6168b5e7d6cf982e 750x5002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halypa – şägirtlik ýoly

oig2.dspfq6smep9mcrobljvg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özüňe erk etmek hakynda

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop