Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde, esasanda, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda “sanly ykdysadyýet” adalgasy giňden ulanylmaga başlandy. Hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynda innowasion taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik ýaly ugurlarda sanly ulgam üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Saglygy goraýyş ulgamyny mysal alanyňda, bu ugurda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalar hereket edýär. Bilim we ylym ulgamy göz öňüňe getirilende, ýokary we orta okuw bilim berýän mekdeplerde bir bitewi ulgam döredilip, ylym torunyň goruny hasda giňeltmek babatda işler talabalaýyk alnyp barylýar.
Sanly ulgamyň halk hojalygyndaky peýdalary ummasyzdyr. Häzirki wagtda döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeketäk portalynyň işe goýberilmegi babatda edilýän işler köp sanly pudaklaryň işlerini ýeňilleşdirýär. Bu portal (e.gov.tm) raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge “bir penjire” diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr. “Bir penjire” ulgamy arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri tölemek ýola goýlar.
Sanly ykdysadyýet ýa-da sanly ulgam belli bir derejede internet ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda internet hyzmatlarymyzdan peýdalanýanlaryň sany günsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzda aragatnaşygyň barha täze usullaryny hödürlemäge aýratyn üns berilýär. Internetbanking we ykjambanking hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Şolaryň üsti bilen ýurdumyzda bolşy ýaly, onuň çäklerinden daşarda hem nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek bilen, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri goýýar. Bu edaralaryň kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, IT meýdançalaryň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly okuwlary geçirmäge mümkinçilik berýär, olaryň internete elýeterliliginiň üpjün edilmegi bolsa, okuw işini guramaga hem-de hünärmenleri halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda taýýarlamaga giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin işlenip taýýarlanylan sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ähli pudaklaryň we döwlet dolandyryş edaralarynyň tehnologik taýdan utgaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçilikleriniň esasynda ykdysady bilimiň kämilleşdirilmegini üpjün eder.
Milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze tapgyra geçmek döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döreder.
Goý, ýurdumyzy bedew batly ösüşleriň täze menzillerine sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Ýakup ALLAMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy