Ozaly bilen, şu günki çäre çagyrylandygymyz we uly myhmansöýerlik bilen kabul edilendigimiz üçin hoşallyk bildirýärin.
Şeýle hem türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýaryn, Duşuşykda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Rahmonyň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy biziň üçin uly hormatdyr.
Biz bu duşuşygy wajyp hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin amatly mümkinçilik diýip hasaplaýarys.
«Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikady görnüşinde biziň dialogymyzyň dowam etdirilmeginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek boýunça bilelikdäki tagallalarymyza we oňyn netijeler gazanmagymyza ýardam etjekdigine ynanýarys.
Şu nukdaýnazardan Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ysnyşykly strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge özümiziň taýýardygymyzy tassyklaýarys.
Şu duşuşygyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak boýunça ýörite sessiýanyň guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirýäris.
Şu günki duşuşykda kabul edilýän kararlaryň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynanýarys.