TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara güýç ulanmazlyk güni we Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

02.10.2024

2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara güýç ulanmazlyk güni şeýle-de Mahatma Gandiniň doglan güniniň 155 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada institutyň resmi web saýtynda 2-nji oktýabrda habar berildi.

Çäräniň başynda şanly senäni ebedileşdirmek maksady bilen institutyň meýdançasynda bag oturtmak dabarasy geçirildi. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda Mahatma Gandä bagyşlanan «Meniň ömrüm-meniň pendim» atly surat sergisiniň açylmagy bilen dowam etdi.

Halkara zorluksyzlyk güni we Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirilip, maslahatyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, BMG-niň Türkmenistandaky sebitleýin utgaşdyryjysy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda Mahatma Gandiniň ömür ýoluna bagyşlanan gysga wideofilm görkezildi.

Habarda bellenilişi ýaly, institutyň rektoryna Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi tarapyndan Mahatma Gandi hakyndaky kitap gowşuryldy.

Hindistan Respublikasynyň garaşsyzlygyny almak üçin amala aşyrylan işleriň lideri, zorluksyzlyk baradaky pelsepesiniň we strategiýasynyň esaslandyryjysy Mahatma Gandiniň doglan güni bilen bilelikde Halkara güýç ulanmazlyk gününiň bellenilip geçilmegi parahatçylyk, çydamlylyk, düşünişmek we zorluksyzlyk medeniýetini ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde hem «Hindi burçy» hereket edýär. «Hindi burçy» 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde we gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

loader-image
Ashgabat
2:31 pm, Oct 4, 2024
temperature icon 26°C
облачно с прояснениями
Humidity 38 %
Pressure 1015 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:04 am
Sunset Sunset: 6:45 pm
Öňki taryh

Garaşsyzlygymyzyň gazananlary

Next Story

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik geňeşi geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss