Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Töwekgelçilik

04.10.2024

Töwekgelçilik – bolup biläýjek, amatly däl ýagdaýlaryň sanlar bilen ölçäp boljak mümkinçiligi we onuň bilen bagly ýitgiler, zyýanlar, çykdajylar görnüşindäki netijeleri kesgitlemek mümkinçiligi, mysal üçin – näbellilik bilen bagly garaşylýan girdejiniň, peýdanyň ýa-da emlägiň, pul serişdeleriň ölçelmegi, başgaça aýdanyňda ykdysady işleriň duýdansyz üýtgemegi şertlerde, şol sanda fors-mažor ýagdaýlarynyň döremegi, bazardaky umumy bahalaryň gaçmagy, kabul edilen hojalyk çözgütler, hereketler bilen baglylykda öňünden çak edilmeýän netijeleri gazanmak mümkinçiligi.
Töwekgelçiligiň ähtimallygy düşünjesiniň üstünde has giňişleýin durup geçeliň – telekeçi firmalar üçin kabul edilen çözgütleriň esasynda bolup biläýjek ýitgiler, başgaça aýdanyňda islenilmeýän netijeler. Işlenilmeýän hadysalary kesgitlemegiň iki usuly bardyr:obýektiw we subýektiw. Obýektiw usulynda, meňzeş şertlerinde, haýsy hem bolsa bir netijeleriň nähili derejedäki ýygylykda amala aşyrylyşyny hasaplamaga esaslanýar. Subýektiw ähtimallylyk, kesgitlenen netijelere degişlilikde çaklamalar hasaplanylýar. Bu usul, telekeçileriň şahsy tejribesine we pikirlenmelerine esaslanýan, islenilmeýän netijeleriň ähtimallylygyny kesgitlemek usulydyr.
Töwekgelçiligi ölçemek- töwekgelçilikli hadysalaryň boljagyny kesgitlemek mümkinçiligi. Taslamanyň amala aşyrylyşynda, maýa goýumçynyň we taslamanyň toparynyň öz üstünde alyp biläýjek töwekgelçiliginde baha bermek, ilki bilen taslamanyň öz boluşlylygyndan we wajyplygyndan, ony amala aşyrylmaga zerur serişdeleriň bolmagyndan we töwekgelçiligiň ähtimallylyk netijeleriniň maliýe mümkinçiliginden gelip çykýar. Ygtyýar edilen töwekgelçilikleriň derejesini, düzgün boýunça, taslamadaky maýa goýumlaryň ygtybarlylygy we möçberi, meýilnamalaşdyrylan girdejilik derejesi ýaly ähli taraplaryň hasaba alynmagy bilen kesgitlenýär.
Sanlaýyn gatnaşygyndaky näbellilik, garaşylýan netijelerden bolup biljek üýtgemeleri göz öňünde tutýar (ýa-da ortaça) nähili azalýan, şunuň ýaly hem köpelýän tarapynyň ähmiýetini çaklaýar. Şoňa laýyklykda, töwekgelçilik diýen düşünjäni, anyklamak bolar – bu serişdeleriň bir bölegini ýitirip boljak ähtimallylygy, girdejini ýeterlikli derejede alyp bolmazlygyny ýa-da goşmaça çykdajylaryň döremegi we (ýa-da) tersine- belli bir maksada gönükdirilen işleri amala aşyrmagyň netijesinde köp möçberli (peýdany) girdejini gazanmak mümkinçiligi. Şonuň üçin, maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylyşyna täsir edýän, bu iki derejäniň seljermesini we bahalandyrmasyny bilelikde geçirmeli.
Şeýlelikde, töwekgelçilik, belli derejedäki ähtimallyk bilen näbellilik şertlerinde bolup biläýjek ýagdaýlary görkezýär, şonuň bilen bilelikde üç ykdysady netijeler bolup biler (ykdysady, köplenç maliýe tarapyndan baha berilýän görkezijiler).

* ýaramaz (otrisatel)netijeler, başgaça aýdanyňda ýitgi çekmek, zyýan çekmek, utulmak;
* peýdaly (polažitel) netijeler, başgaça aýdanyňda girdeji almak, peýda gazanmak , utuşlar;
* nulewoý netijeler (ýitgem ýok, peýdada ýok).

Şagözel BALLYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 03.10.2024

polo nedir2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

POLO OÝUNY

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop