2 1727700959 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

01.10.2024

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada institutyň resmi web saýtynda 30-njy sentýabrda habar berildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler beýik şahyryň we akyldaryň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygyny we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini nygtadylar. Şahyryň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary – Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyga, döredijilige çagyryş çuňňur beýan edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili täze neşiriň türkmen-gruzin medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pukdalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady. Çäräniň barşynda Gruziýanyň ýazyjylarynyň, alymlarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmegi Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Çärä gatnaşyjylar şahyryň garaýyşlarynyň beýleki halklara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyga esaslanýandygyny bellediler. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şahyryň edebi mirasy siwilizasiýalaryň dialogy diýlip atlandyrylýar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze neşiriň üsti bilen gruzin dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryna ynam bildirdiler.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2024 10 01t06 28 10.543z 1000023080 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Futbol janköýerleri üçin giriş tölegsiz bolar

kdtnkurdogupkoxlsnmditvufdwemp 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

Soňkylar Habar

Aşgabat owgan halkyna goldaw bermegini dowam eder

15.01.2025
Türkmenistan, bitarap döwlet hökmünde, Owganystanda parahatçylyga we raýat ylalaşygyna, ykdysady infrastruktura dikeltmäge we sosial meseleleri çözmäge gönükdirilen tagallalary goldaýar we bu ýurda kömek bermegini

Sanlaşdyrylan  ösüşler

13.01.2025
       Ýurdumyzda her ýyl ösüşler öz ornuny tapýar. Bu ýyl hem “Halkara Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” milli ykdysadyýetimiziň altyn hazynasy bolan nebit we gaz
GitTop

Don't Miss