050622 06 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen milli binagärlik sungaty

09.10.2024

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda binagärlik sungaty ýurdumyzda kemala getirilýär. Milli binagärlik sungatymyz hakynda gürrüň etsek, Gutlug Timuryň minarasy, Törebeg hanymyň gümmezi ýaly taryhy ymaratlarymyzyň binagärlik aýratynlyklary göreni haýrana goýýar. Şol däp bagtyýarlyk döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ak binalaryň hatary günsaýyn uzap gidip otyr. Şol gurulýan desgalaryň her biri binagärligiň ähli talaplaryny ödemek bilen, millilik äheňlerine ýugrulandyr. Biziň esasy maksadymyz hem binagärlikde döwrüň ýeten üstünliklerini gadymy milli däplerimiz bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Çünki binagärlik sungatynyň öz gözbaşyny ilkidurmuş adamsynyň guran ýöntemje jaýyndan alyp gaýdýandygy aýdylýar. Müňýyllyklardan bäri şol jaý özgerip, kämilleşip, biziň günlerimizdäki gözel görnüşlere eýe bolýar, ýagny sungat derejesine ýetýär. Bu senediň sungat derejesine ýetmeginiň mysaly hökmünde hem ýokarda agzan taryhy binagärlik nusgalarymyzy görkezmek bolar. Türkmen topragynda beýik-beýik binagärler ýaşap geçip, taryhyň şanly sahypalaryna şan goşan, bütin dünýäni haýrana goýan täsin ymaratlary gurupdyrlar. Şol binagärlik däplerini döwrebap nusgada dowam etdirmek bol­sa, biz — ýaşlaryň paýyna düşýär. Biz ýaşlar binagärlik gurşawynyň bezegi, binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi, binalaryň içki we daşky dizaýny ýaly ugurlar boýunça bilimlerimizi artdyrýarlar. Biz arhitekturany, gurluşyk sungatynyň taryhyny, binagärligiň görnüşlerini içgin öwrenýäris. Sebäbi binagäriň esasy işi binanyň ähli talaplaryny, aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, gözellik bilen utgaşdyryp, onuň çyzgysyny taýýarlamakdyr. Maglumat tehnologiýalarynyň ösen häzirki döwründe bu mümkinçiliklerden giňden peýdalanyp taslama işlerini kompýuter arkaly ýerine ýetirýäris. Milli däplerimiz bilen sazlaşdyrylyp taýýarlanan taslamalarda binanyň daşky keşbine, umumy görnüşine, içki bezeglerine mahsus milli nyşanlarymyz aýratyn orun tutýar. Çünki hünäre söýgi öz gözbaşyny Watana bolan söýgüden alyp gaýdýar. Ata Watan, ene toprak biziň ähli başlangyçlarymyzyň gözbaşydyr. Binagärlik sungatynyň hem ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binagärligi diýen ýaly görnüşleriniň bardygyny bellemelidiris. Bagtyýarlyk döwrümizde hem bu ugurlar boýunça ajaýyp binalar gurlup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna oňaýlylygy, zähmet çekmäge amatlylygy bilen tapawutlanýar.,Ýeri gelende bellesek, geljekki bina ilki binagäriň özboluşly pikirlerinden döräp, onuň binagärlik keşbi döredilmelidir. Şol binagärlik keşp boýunça gurluşykçylar işe girişýärler. Muny binagärligiň birinji zerur şerti hasaplasak, gurluşyk işiniň örän sazlaşykly guralmagy binagärligiň ikinji şerti bolup durýar. Taslanan binany gurmak üçin gurluşyk harytlaryny dogry saýlap almak hem binagärligiň üçünji şertidir. Binagär bilen gurluşykçynyň işi sazlaşanda, sungat derejesindäki bina döreýär. Bize okap öwrenmäge, milli binagärlik sungatymyzy bütin dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Pirnazar RAHMANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1280 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 08.10.2024

unnamed 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Elektromehaniki geçiş prosesleri toparlara bölmek

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss